Nygmat bardyr näçe diýseň...

18 Dekabr 2024
88

Ajaýyp umyt-arzuwlara beslenýän Täze ýyla her bir öý-ojakda uludan taýýarlyk görülýär. Şu günler welaýatymyzyň ähli etrap-şäherlerinde, olaryň döwrebap bazarlarynda, söwda merkezlerinde, dükanlarynda, göçme söwda nokatlarynda kemsiz gyzyşan söwdalary synlanyňda hem muňa aýdyň göz ýetirmek bolýar. Dürli harytlary ýeterlik bolan söwda nokatlaryndaky hereket ünsüňi özüne çekýär. Täze ýyl arçalary, olara gerek bolan bezegler, birenaýy gaplanan täze ýyl sowgatlyklary hem-de beýleki harytlar gözüňi dokundyrýar. Gyzgalaňly söwda edýän bagtyýar raýatlarymyzyň hormatly Prezidentimizi alkyşlaýan hoşallyk sözleri dilleriniň senasyna öwrülýär.

Baýramçylyk söwdalarynyň ýokary derejede guralmagynda, dürli harytlar bilen üpjün edilmeginde ýurdumyzyň hususy işewürleriniň durmuşa geçirýän işleri bellenmäge mynasypdyr. Alyjylara hödürlenýän harytlaryň aglabasynyň ýurdumyzda öndürilmegi örän guwandyryjydyr. Saçaklarymyzyň berekedine bereket goşýan azyk önümleriniň ýokary hil derejesi, ekologiýa taýdan arassalygy hem-de nyrhlarynyň elýeterli bolmagy diýseň begendirýär. Munuň özi telekeçileriň döredijilikli zähmeti bilen öndürilýän azyk önümleriniň dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplydygyny, durnukly artýan isleglere eýedigini aýdyň görkezýär. Ýörite gaplara gaplanan önümler alyjylaryň islegli harytlarydyr.

Nury MÄMMEDOW.