Türkmenistan — parahatlyk, ynanyşmak Watany!
Halkymyzy öňdengörüjilikli, çuň pähim-paýhasa ýugrulan döwlet syýasaty bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eşretli durmuşda bagtyýar ýaşadýan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda güneşli Diýarymyz tutuş dünýäde parahatçylygyň we asudalygyň, agzybirligiň hem-de jebisligiň höküm sürýän, demokratik özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýan ýurdy hökmünde giňden tanalýar. Ata Watanymyzyň ykdysadyýetde, syýasatda hem-de ynsanperwer ulgamlarda çalt depginler bilen ösýän kuwwatly döwlet hökmünde ykrar edilmegi belent abraý-mertebäniň, gazanylýan köptaraply üstünlikleriň kepilidir. Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň döwlet syýasatynyň hem-de durmuş-ykdysady ösüşleriň ählisiniň özenini düzýän «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp ýörelgelere berk eýermek bilen gazanylýan üstünlikleriň netijesinde merdana, zähmetsöýer, agzybir halkymyz abadan, bolelin, eşretli durmuşyň hözirini görýär. Dünýäniň gülläp ösýän döwletleriniň biri bolan eziz Diýarymyzda durmuşa geçirilýän guwandyryjy hem buýsandyryjy işleriň, öňe sürülýän beýik başlangyçlaryň ählisiniň özeninde adam hakyndaky alada durýar. Bu gün halkymyz beýik ösüşleriň, düýpli özgerişleriň belent ruhy bilen galkynýar. Ata Watanymyzda gurulýan ajaýypdan-ajaýyp binalar, ägirt uly ykdysady ähmiýeti bolan önümçilik desgala