Ýeriň ýaşyl ýaraşygy

11 Noýabr 2024
266

Ýurdumyzda her ýylyň ýaz we güýz möwsümlerinde ählihalk bag ekmek çäreleriniň geçirilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Munuň özi daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy üpjün etmek babatda Türkmenistanda dünýä nusgalyk işleriň durmuşa geçirilýändigini görkezýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda-da bu asylly ekologik çäre tutuş ýurdumyz boýunça giňden ýaýbaňlandyryldy. Güýzki ählihalk zähmet baýramy Hasyl toýunyň dabaralary bilen utgaşyp, döwletli Diýarymyzda toýlaryň goşa-goşadan gelýändiginiň, abadan, bagtyýar durmuşda agzybirlikde başyna barlan il-ýurt bähbitli her bir tutumyň rowaçlyklara beslenýändiginiň nobatdaky aýdyň mysaly boldy. Hasyl toýunyň öňüsyrasynda — 9-njy noýabrda tutuş ýurdumyzda — Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarda guralan köpçülikleýin bag ekmek çärelerinde-de turuwbaşdan baýramçylyk ruhy höküm sürdi.

Ählihalk bag ekmek çäresine Milli Liderimiziň yhlasyndan binýat bolan Arkadag şäherinde ir säherde badalga berildi. Oňa täze şäheriň ýolbaşçy düzümleri, bu ýerdäki edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we köp sanly ýaşlar gatnaşdylar. Aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşykly guralan dabara oňa gatnaşyjylarda uly ruhubelentlik duýgusyny döretdi. Akar suwly giňişlikde guralan dabaranyň geçirilýän ýerinde al-elwan güllerden döredilen şekiller we ýazgylar çärä özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Güýz günlerinde Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde jana ýakymly howa gurşawy emele geldi. Bu ýerleriň tebigy özboluşlylygy dag howasy we güýz günleriniň tenekarlygy bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirip, ynsan kalbyna ýakymly täsir edýär. Şunuň ýaly tebigy aýratynlyklar, dagyň özboluşly howa gurşawy, çeşme suwlaryndan gözbaş alýan, “Altyýap”, “Sekizýap” diýlip atlandyrylýan dury suwly akabalar bu künjekde ekerançylygy we bagçylygy ösdürmekde ähmiýetlidir. Bu ýerde saýaly we miweli bag nahallarynyň müňlerçesi ekildi. Täze oturdylan bag nahallarynyň göni hatarlary ajaýyp ýaýlanyň gözelligini artdyrdy. Arkadag şäheriniň çäklerinde hem, bag nahallaryny ekmek bilen bir hatarda, ozaldan bar bolan baglara ideg etmek işleri-de geçirildi. Häzirki döwürde Arkadag şäherinde ekologik abadançylygy pugtalandyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler nusgalyk häsiýete eýe bolýar. Bu “akylly” şähere ekologiýa babatda gazanylan netijeler göz öňünde tutulyp gowşurylan halkara güwänamalar munuň aýdyň güwäsidir.

«TÜRKMENISTAN»
Surata düşürenler Myrat BAÝRAMOW, Andreý PAKULOW, Merdan ORAZOW, Şamyrat AMADOW.