"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Ynama beslenýän ýollar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan toplumlaýyn durmuş-ykdysady hem-de demokratik özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýar. Munuň özi nesilleriňdir döwürleriň üznüksiz arabaglanyşygynyň, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň döredijiligiň we ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly hereketiniň aýdyň mysalydyr. Ruhubelent ýaşlarymyz bu gün ýurdumyzdaky taryhy özgertmelerde, beýik işlere mynasyp goşant goşmagy öz öňlerinde baş maksat edip goýýarlar. Hut şol maksat bilenem kalby watansöýüjilik duýgusyndan doly ýaşlarymyz altyn zamanamyzyň rowaç menzillerinde amala aşyrylýan işlerde öň hatarda. Geçmiş taryhymyza ser salanymyzda, halkymyzyň ula-kiçä hormat goýmak, birek-biregiň pikir-duýgusyna mynasyp baha bermek pelsepesine her bir ädimde nazaryň düşýär. Halkymyzyň durmuş tejribesinden kemala gelen bu beýik pelsepe ýyllaryň, asyrlaryň geçmegi bilen halkyň durmuş ýörelgesine öwrülip gidipdir. Geljekde-de pederlerimiziň durmuş tejribesine ýugrulan paýhasynyň, ýaşlaryň ynama ýugrulan joşgunly zähmetiniň utgaşmagy netijesinde ajaýyp döwrümiziň her bir sahypasynyň gujurly ýaşlarymyzyň gazanýan üstünlikleri baradaky buýsançly ýazgylar bilen bezeljekdigine her birimiz ynanýarys. Sebäbi öndürijilikli zähmet çekmek üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän şertleri biz — ýaşlaryň kalbynda beýik ynamy berkidýär. Hormatly Prezidentimizi

Parahatçylyk. Abadançylyk. Ösüş: Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary syýasatynyň esasy maksatlary

Asuda we erkana durmuş halkymyzyň, ata-babalarymyzyň asyrlarboýy arzuw eden arzyly gymmatlygydyr. Bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine berk eýerýän, bütin adamzadyň bähbidini nazarlaýan daşary syýasat strategiýasy netijesinde halkymyz erkana, bolelin durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan resmi taýdan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet bolmak bilen, özüni Milletler Bileleşiginiň ygtybarly, jogapkärli hyzmatdaşy hökmünde görkezdi. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen Türkmenistan hyzmatdaşlyk meselelerine döredijilikli çemeleşýän döwlet hökmünde uly halkara abraýa eýe bolup, ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasy giň halkara ykrarnama we goldawa eýe boldy. Bitarap döwletimiziň BMG-niň esasy edaralarynyň düzümine, esasy maslahat beriji, wekilçilikli guramasy bolan Baş Assambleýanyň sessiýalarynyň wise-başlyklygyna birnäçe gezek saýlanylmagy munuň aýdyň güwäsidir.

Demokratiýanyň aýdyň ýoly

Hormatly Prezidentimiziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 12-nji iýulynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şanly ýeňişlerini dabaralandyrmak bilen birlikde, ösüşlerimiziň täze sepgitlerini kesgitledi. Döwlet Baştutanymyz Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň baýram edilýän günlerinde paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljekdigi barada aýdyp, bu ählihalk forumyna ýokary derejede taýýarlyk görmek barada beren tabşyryklary bolsa mukaddes baýramçylygymyz mynasybetli geçiriljek döwletli işlere badalga berdi.

Berkararlygyň berk binýady

Ýurdumyzda halk häkimiýetini dabaralandyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi ilatyň ähli gatlaklarynyň ýurdumyzyň häzirki zaman ösüşlerine işjeň gatnaşmaklaryny göz öňünde tutýar. Demokratik ösüşler amala aşyrylanda milli däp-dessurlaryň esasy orun eýelemegine uly ähmiýet berilýär. Halkymyzda ýaşululara goýulýan hormat-sarpa hemişe uly bolupdyr. Durmuşyň her bir ädiminde ýaşululara sala salmak, ähli işde olardan maslahat soramak parz hasaplanýar. Olar döwletli törleriň bezegi, akyl-paýhasyň gözbaşy, pähim-parasadyň egsilmez çeşmesi hökmünde sarpalanýar. Bu ajaýyp ýörelgeleriň dowamat-dowam bolmagy milletimiziň müňýyllyklara uzaýan ýoluna nur çaýýar, halkymyza rysgal-bereket bagyşlaýar.

Bagtyýarlyga gönükdirilen özgertmeler

 Halk bähbitli, döwlet ähmiýetli özgertmeleriň durmuşa geçirilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni taryhy ähmiýetli wakalara beslenýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň ählisiniň demokratik ýörelgeleriň pugtalandyrylmagyna, adam hukuklarynyň goralmagyna, raýat jemgyýetiniň hemmetaraplaýyn  kämilleşdirilmegine gönükdirilmegi «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwerlige ýugrulan ýörelgäniň dabaralanýandygynyň mysalydyr. Munuň şeýledigine ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň zähmet rugsady wagtynda «Arçman» şypahanasyna baryp, bu ýerde dynç alyşda bolýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti bilen duşuşmagy we Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýän şanly senelere görülýän taýýarlyk işleriniň barşy bilen gyzyklanmagy hem  aýdyň şaýatlyk edýär.

Täzeçilligi dabaralandyrýan şäher

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň tagallalary netijesinde milli kanunçylyk esasynda aýratyn hukuk derejesi berlen Arkadag şäheriniň dünýä nusgalyk gözellikleri bütin dünýäde ykrar edilýär. Döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan bu täsin şäheriň gurulmagy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan we häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam etdirilýän ägirt uly özgertmeleriň anyk netijesidir.

Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

Ogulnabat GARATAÝEWA, Aşgabat şäheriniň prokuraturasynyň guramaçylyk, işi ýerine ýetirişe gözegçilik, hasaplaýyş-seljeriş bölüminiň müdiri, ýustisiýanyň geňeşçisi: — Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilmegi esasynda soňky ýyllarda ýurdumyzda ýaş nesliň bagtyýar ýaşaýşy, bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, terbiýeli adamlar bolup ýetişmekleri üçin uly işler durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyzda ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýän «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň guralmagy hem röwşen geljegiň eýeleri bolan mähriban körpelerimiz hakyndaky aladanyň nyşanydyr. Giň gerimli gözden geçirilişde çagalar üçin harytlar we hyzmatlar pudagynda iş alyp barýan ýurdumyzyň we dünýäniň ösen döwletleriniň birnäçesiniň kompaniýalary öz önümlerini görkezdiler. Bu halkara sergi-ýarmarkasy işewürleriň mümkinçiliklerini görkezmegi üçin ajaýyp meýdança bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ata-eneler we çagalar üçin özboluşly baýramçylyk çäresine öwrüldi. Ýaş nesilleriň bagtyýarlygy ugrunda bimöçber tagallalary edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kemala getirilmegi we sportuň dabaralandyrylmagy milli taglymata öwrüldi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda bedenterbiýe, sport bilen meşgullanýanlaryň sany barha artýar. Adam, onuň abadan durmuşy hakyndaky hemmetaraplaýyn alada Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunlukda, ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş hereketi ýylsaýyn barha giň gerime eýe bolýar. 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bellenilişi ýaly, ýurdumyzda sport ulgamyny ösdürmek we kämilleşdirmek, onuň mümkinçiliklerini giňeltmek, ugurdaş köpugurly desgalary döretmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde sport halkymyzyň häzirki durmuşynyň, nesilleriň beden hem ruhy taýdan sagdyn ösmeginiň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli bilim-terbiýeçilik edaralarynda zerur bolan enjamlar bilen üpjün edilen sport zallary, meýdançalary bar. Sport bilen meşgullanmak üçin mümkinçilikler ýaşaýyş toplumlarynda-da göz öňünde tutulan. Olaryň çäklerinde çagalar üçin oýun, futbol, tennis meýdançalary we beýlekiler hereket edýär. Muňa aýdyň mysallaryň biri hökmünde täzeçil çözgütler esasynda

«Sportuň, sagdynlygyň belent owazy...»

14-nji awgustda zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda welosipedli gezelenç etdi. Ir bilen döwlet Baştutanymyz deňiz kenaryna geldi. Tomsuna günüň bu çagynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýakymly howa gurşawy emele gelýär. Munuň özi deňizden we «Awaza» emeli derýasyndan öwüsýän sergin şemalyň, ýaşyl seýilgähleriň, tokaý zolaklarynyň döredýän salkyn howasynyň esasynda mümkin bolýar. Soňky ýyllarda şeýle zolaklaryň çägi ep-esli giňeldildi. Bu çäreler kenarýaka sebitiň ekologik ýagdaýynyň has-da gowulanmagyny hem şertlendirdi.

Il bähbidi ileri

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Ýurdumyzyň her bir raýatynyň saglygy baradaky alada döwlet syýasatynyň hemişe-de iň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.* * *Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy: «Dürdür bu janyň lezzeti, saglyk anyň soltanydyr» diýýär. Halkymyzyň edep-terbiýe ulgamyndaky päkize ýaşamak babatyndaky edim-gylymlary hem saglyk hakyndaky aladalardan gözbaş alýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kemala getirilmegi we sportuň dabaralandyrylmagy milli taglymata öwrüldi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda bedenterbiýe, sport bilen meşgullanýanlaryň sany barha artýar. Adam, onuň abadan durmuşy hakyndaky hemmetaraplaýyn alada Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunlukda, ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş hereketi ýylsaýyn barha giň gerime eýe bolýar. 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bellenilişi ýaly, ýurdumyzda sport ulgamyny ösdürmek we kämilleşdirmek, onuň mümkinçiliklerini giňeltmek, ugurdaş köpugurly desgalary döretmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde sport halkymyzyň häzirki durmuşynyň, nesilleriň beden hem ruhy taýdan sagdyn ösmeginiň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli bilim-terbiýeçilik edaralarynda zerur bolan enjamlar bilen üpjün edilen sport zallary, meýdançalary bar. Sport bilen meşgullanmak üçin mümkinçilikler ýaşaýyş toplumlarynda-da göz öňünde tutulan. Olaryň çäklerinde çagalar üçin oýun, futbol, tennis meýdançalary we beýlekiler hereket edýär. Muňa aýdyň mysallaryň biri hökmünde täzeçil çözgütler es

Gurluşyk toplumynyň ösüş depgini ýokarlanýar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginde gurluşyk toplumyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu topluma ägirt uly maýa goýumlar gönükdirilýär. Onuň çäklerinde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde her ýyl önümçilik, durmuş, medeni maksatly desgalaryň ýüzlerçesi, şol sanda ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, çagalar baglary, lukmançylyk, sport merkezleri, iri we kiçi senagat kärhanalary gurulýar hem-de durky täzelenýär. Ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy, milli telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak babatda amala aşyrylýan netijeli işler şähergurluşyk syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň beýany bolup durýar. Bu gün Türkmenistan durmuşa geçirilýän taslamalaryň giň gerimliligi bilen haýran galdyrýan ägirt uly gurluşyk meýdançasyna öwrüldi. Şunda Arkadag şäherini mysal hökmünde görkezmek bolar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda bina edilen bu şäher diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebitinde-de ilkinji «akylly» şäherdir. Bu ägirt uly şähergurluşyk taslamasynyň amala aşyrylmagy, ýurdumyzda döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Täze şäheriň keşbi milli binagärligiň iň gowy däpleriniň hem-de binagärlik, bezeg babatda häzirki zaman meýilleriniň

Adam hakyndaky alada — döwlet syýasatymyzyň esasy ugry

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsady döwründe Köpetdagy etekläp oturan «Arçman» şypahanasyna bardy. Bu ýerde dynç alyşda bolýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti bilen duşuşdy we Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýän şanly senelere görülýän taýýarlyk işleriniň barşy bilen gyzyklandy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Milli Liderimiz bilen duşuşmak bagtynyň miýesser etmeginiň özi üçin belent mertebedigini aýdyp, häzirki döwürde Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Baş maksat — ýaş nesliň bagtyýarlygy

«Nirede çaga gülküsi ýaňlanýan bolsa, şol ýurt abadan hem bagtyýardyr» diýen meşhur aýtgynyň mysaly bolan ata Watanymyz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bu gün dünýäde bagtyýar çagalaryň ýurdy, arzuwlaryň hasyl bolýan mekany hökmünde tanalýar. Döwletimizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda çagalaryň ine-gana iýip-içmegi, geýmegi, sagdyn ösüp-ulalmagy, deňli-derejeli bilim almaklary, netijede, gülläp ösýän ýurdumyza mynasyp, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin döredilýän mümkinçilikler, ajaýyp şertler sanardan kän. Çaganyň hemmetaraplaýyn sagdyn ösmegi üçin dem alýan howasyndan başlap, egnindäki egin-eşiginiň hiline çenli ähli zat möhüm. Hut şonuň üçin hem, ýurdumyzda iň gowy zatlar geljegimiziň eýeleri bolan çagalar–— ýaş nesil üçin niýetlenilendir. Munuň şeýledigini şu hepdäniň başynda, ýagny 19 — 22-nji awgust aralygynda paýtagtymyzdaky «Garagum» myhmanhanasynyň çäginde geçirilen «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergisi hem dolulygyna subut etdi. Ýurdumyzda giň gerim bilen bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen «Türkmen Ekspo» hususy kärhanasy tarapyndan bilelikde guralan bu sergi-ýarmarkasynda türkmen telekeçileriniň, şeýle-de daşary ýurtlaryň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň çagalar, mekdep okuwçylary, talyp ýaşlar üçin niýetlenilen ýokary hilli, ekologiýa taýdan ara

Beýik başlangyçlaryň badalgasy

Ýurdumyzda bilim ulgamynyň kämilleşmegi ugrunda döredilip berilýän mümkinçilikler sanardan köp. Esasanam, ýaş nesli kemala getirmekde durmuş hakykatyna öwrülýän tagallalar bu gün öz netijesini berýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp eserinde: «Bilim arkaly beýik geljek gurulýar. Hut şonuň üçin hem biz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmäge we ösdürmäge döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde garaýarys» diýip belleýär. Şundan ugur alnyp, bilim ulgamynyň kämilleşmegi ugrunda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden, iň kämil tehnologiýalardan oňat baş çykarýan ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge uly ähmiýet berilýär. Bu mümkinçilikleriň peýdalanylmagy netijesinde bolsa, degişli ulgamda tapgyrlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Olara ýaşlaryň arasynda geçirilýän dürli taslama hem-de bilim bäsleşiklerini mysal getirmek bolar. Milli bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi hem-de onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi, bu ulgamyň hil taýdan täze derejä çykarylmagy türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, häzirki döwürde bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýändigini görmek bolýar. Onuň şeýledigine ýurdumyzyň şäherlerinde hem-de obalarynda döwrebap mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň gurlup ulanylmaga

Halk maslahaty — döwletlilik ýörelgesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent maksatly ösüşlerine barýan aýdyň ýolunda döwlet durmuşyna degişli wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak ýaly asylly ýörelge ýurdumyzda mizemez däp hökmünde dowam edip gelýär. Şonuň netijesinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini üstünlikli geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barha giň gerime eýe bolýar. Bilşimiz ýaly, taryhda şöhratly ata-babalarymyz tarapyndan köp sanly döwletler gurlup, olary dolandyrmakda we gurluşyny kämilleşdirmekde, halky abadan durmuşda ýaşatmakda baý tejribeler toplanypdyr. Şu jähetden ugur alyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen parahatçylyk, ynsanperwerlik kadalaryna ygrarly, beýik taryhy hem-de medeniýeti döreden ata-babalarymyzyň mukaddes däplerini mynasyp dowam etdirip, dünýäde umumy ykrar edilen demokratik düzgünlere eýerip, Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi. Türkmenistanyň Halk Maslahaty halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasy bolmak bilen, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde halk bilen geňeşmek — Halk Maslahatlaryny yzygiderli geçirmek indi däbe öwrüldi. Bu döwletli Maslahat Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda halkymyzyň bagtyýar hem-de abadan durmuşyna gönükdirilen täze maksatlary öňde goýup, uzak geljegi

Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Amanmyradow Kakamyrat Mary welaýatynyň Mary şäheriniň häkimi wezipesinden boşadyldy. * * *

Adam hakyndaky aladanyň aýdyň nyşany

Döwlet Baştutanymyzyň: «Halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir» diýen sözleriniň ajaýyp hakykat bolup dabaralanýandygyna Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny üpjün etmek ugrunda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler aýdyň şaýatlyk edýär. Bu hakykata tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän häzirki günlerinde eziz Diýarymyzda raýatlaryň saglyklaryny berkitmekleri, dynç almaklary, sport bilen meşgullanmaklary üçin döredilen şert-mümkinçilikleriň netijesinde has-da aýdyň göz ýetirmek bolýar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň paýhasyndan dörän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda we ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlan döwrebap sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde, şypahanalarda dynç alýan, saglyklaryny berkidýän, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kadalaryny berjaý edip, sport bilen meşgullanýan raýatlarymyzyň döredilen şeýle ajaýyp şert-mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary, hoşallyklary egsilmeýär.

Parahatçylyk we ynanyşmak dialogynyň pugtalandyrylmagy — ählumumy abadançylygyň, durnukly ösüşiň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döredijilikli daşary syýasy ugruna berk eýerýär. Ýurdumyz oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, sebit we dünýä derejesinde deňhukukly, netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine anyk goşant goşýar. Şunda Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly häsiýete eýe bolan strategik gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy häzirki döwürde hem parahatçylygy saklamak, ählumumy we hemmetaraplaýyn howpsuzlygy, halkara gatnaşyklaryň häzirki gurluşynyň durnuklylygyny üpjün etmek üçin jogapkär bolan ýeke-täk köptaraply we kanuny gurama bolup çykyş edýär. Türkmenistan BMG tarapyndan resmi taýdan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet bolmak bilen, özüni Milletler Bileleşiginiň ygtybarly, jogapkärli hyzmatdaşy hökmünde görkezdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň iýulynda Aşgabada sapar bilen gelen BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen geçiren duşuşyklarynyň barşynda ýurdumyzyň bu gurama we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli gatnaşyklary mu

Parahatçylyk we ynanyşmak dialogynyň pugtalandyrylmagy — ählumumy abadançylygyň, durnukly ösüşiň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döredijilikli daşary syýasy ugruna berk eýerýär. Ýurdumyz oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, sebit we dünýä derejesinde deňhukukly, netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine anyk goşant goşýar. Şunda Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly häsiýete eýe bolan strategik gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy häzirki döwürde hem parahatçylygy saklamak, ählumumy we hemmetaraplaýyn howpsuzlygy, halkara gatnaşyklaryň häzirki gurluşynyň durnuklylygyny üpjün etmek üçin jogapkär bolan ýeke-täk köptaraply we kanuny gurama bolup çykyş edýär. Türkmenistan BMG tarapyndan resmi taýdan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet bolmak bilen, özüni Milletler Bileleşiginiň ygtybarly, jogapkärli hyzmatdaşy hökmünde görkezdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň iýulynda Aşgabada sapar bilen gelen BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen geçiren duşuşyklarynyň barşynda ýurdumyzyň bu gurama we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli gatnaşyklary mu