Açyk göwünleriň açyk ýollary

12 Dekabr 2024
83

Üstünlikler bilen garşylaýan ýyllarymyzy şol depginde jemlemek ajaýyp zamanamyzda adaty ýagdaýa öwrüldi. Muny biz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli ýöredilýän içeri syýasatymyz babatda-da, daşary gatnaşyklarymyz dogrusynda-da buýsanç bilen aýdyp bileris. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyz hem Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň iň täze taryhyna buýsançly sahypalaryň ençemesini goşdy. 2-nji dekabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi-de Watanymyzyň parahatçylygy goramak, dostlukly gatnaşyklary ösdürmek babatdaky tagallalarynyň halkara jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Şeýle buýsançly habarlaryň yzly-yzyna gelip durmagy hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän daşary syýasatymyzda halkara guramalary bilen gatnaşyklaryň gerimini giňeltmäge aýratyn üns berilýändiginiň miwesidir. Şu ýyl hormatly Prezidentimiziň goldaw bermeginde «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň döredilmegi bolsa bu işlere täze depgin bagyş etdi.

Gahryman Arkadagymyzyň dialog arkaly halklara, kalplara aralaşmak ýörelgesiniň miwelerini Garaşsyz Watanymyzda halkara maslahatlardyr dürli çäreleriň geçirilmeginiň ýylsaýyn ýygjamlaşýandygyndan-da görse bolýar. Şunda dünýä dilleriniň öwredilmegine uly ornuň degişlidigi golaýda biziň ýokary okuw mekdebimizde geçirilen «Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary we tehnologiýalary» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň barşynda-da giňden bellenilip geçildi. Dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan wekilleriň gatnaşmagynda iki günläp dowam eden maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda dil bilimini ösdürmekde ýetilen sepgitleriň halkara hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmekdäki ähmiýeti barada aýratyn durup geçdiler.

Maýa MÜLKAMANOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy.