"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Sag bol, äýnek satýan aga! (Oýlanma)

Nämeden başlajagymy bilemok-da. Käte bir zady gürrüň bermekçi bolanyňyzda sizde-de şeýle ahwalatlar bolýandyr-la?! Menem adam-a! Ýa ilkinji söýgä uçran gögele kimin tolgunaýýarmykam? Ýok-la, men indi dünýä täze alan äýnegim bilen seredýän ahyryn. Gözleri goramak gerek. Şol gün äýnek alynmadyk bolsam, galan ömrümi nähili ýaşardym?! Aslynda, äýnek gözleriňi gizlemek üçin geregem-le. Satyjy dogry aýdýar. 20 manatlyk äýnekden 80 manatlyk äýnegiň ähmiýeti uly eken. Puluma gysganç däldigimem bir gowy zat. Belki, hakykatdan-da, ejemiň aýdyşy ýaly, biraz sowajaňdyrynam, ýöne şol gezeg-ä pulumy has ähmiýetli zada harçladym.

Ylham joşguny

WATAN Men seni söýmäýin neneň?!Daban ýeriň gudrat, kerem,Özüň misli atam-enem,Barlykda barymsyň, Watan!

Şahyryň şygyrlaryndaky syrlylyk

Şahyryň şygyrlarynda syrlylygy bilen öňe çykýan temalaryň biri-de onuň goşgularyndaky dünýewi söýgi meselesidir. Magtymgulynyň ýaşlykda halan gyzy Meňli hakyndaky garaýyşlaryny kesgitlemek, ony bir ulgama salmak, alymlaryň pikirlerini umumylaşdyrmak zerurlygy ýüze çykýar. Bu babatda alymlarymyz tarapyndan birnäçe işleriň alnyp barlandygyna garamazdan, gynansak-da, entek doly bir pikire gelnip bilinmeýär. Biz şahyryň, ilki bilen, öz terjimehal şygyrlaryna, dürli rowaýatlara, şol döwrüň ýagdaýyna ser salanymyzda, täzeçe garaýyşlaryň, täzeçe pikirleriň üstünden barýarys. Bu babatda, ilki bilen, şahyryň öz eserlerine ýüzleneliň. Magtymgulynyň döredijiliginde Meňli barada, ýeňňesi Akgyz barada 30-a golaý goşgynyň bardygyny bellemek bolar. Olardan «Aýryldym», «Uýat eýleýir», «Meňli han», «Bagrym dilenim», «Jana geldiň», «Joşa ýetdim», «Ýalydyr», «Her ýana», «Bu dahana», «Nowruzdan seni», «Bu gün» we başga-da birnäçe şygyrlaryny agzamak bolar. Hut Meňli hakynda ýazylan setirleriň mysalynda biz Magtymgulyny dünýewileşdirip bilýäris. Bu babatda Magtymgulynyň döredijiligi bilen bagly alnyp barlan işlere ýüzlenip geçeliň. Magtymguly Pyragy hakynda Baýmuhammet Garryýewiň işlerinde berilýän maglumatlara ser salsak, onda şeýle bellenilýär: «Magtymgula ilki başda Akgyz atly ýeňňesi dakylyp, ondan iki ogul önýär. Ol iki ogluň biriniň ady Sary (Sarybaý, molla Bäbek) bolup, ikinjisiniň ady hem Y

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany

Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp şygryna köňül kelamy Oguz, Gorkut, Magtymguly Pyragy,Ömürylla ýaşar ýörer çyragy.Taryhyň gatyna ýazylan bary,Türkmenistan — parahatlyk,                                                    ynanyşmak Watany!

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany!

Oguz, Gorkut, Magtymguly Pyragy,Ömürylla ýaşar ýörer çyragy.Taryhyň gatyna ýazylan bary,Türkmenistan — parahatlyk,  ynanyşmak Watany! Bu beýikler Watanyna boý beren,Zemine laýyk çuňdan oý beren.Dünýä sary uzan ýoly eýgeren,Türkmenistan — parahatlyk,  ynanyşmak Watany!

Watan söýgüsi

Bir ýigit ussadynyň ýanyna gelip: «Men Watanymy söýýärin, emma ony nädip beýan etjegimi bilemok. Maňa siziň hemaýatyňyz gerek!» diýýär. Ussat ýigidi bir çeşmäniň ýakasyna alyp barýar. Çeşmeden suwuň yzygiderli akyp durandygyny görkezip: «Bu çeşme Watany nädip  söýmelidiginiň ajaýyp mysalydyr» diýýär. Soňra ol ýaş ýigidiň gözlerine bakyp: «Watany söýmek hem şuňa meňzeýär. Çeşmäniň suwy kesildigi ol, eýýäm,  çeşme bolup bilmeýär. Sen Watana söýgiňi dowamlylyga, yzygiderlilige öwürmeli. Onuň edil çeşme suwy ýaly kesilmäge haky ýokdur. Watanyň mertebesi we keramaty biziň oňa dowamly söýgimizdedir» diýýär.

Şygryýet

Sirojiddin SAIDOW,Özbegistanyň halk şahyry. Özbek-türkmen dostlugy

Şygryýet bossany

Şäherleriň bossany Jahan içre bina bolmuş, ylla jenneti mekan,Pederlerden seda gelmiş: «Ymaratyň sogaby kän!»,Oguz handan pata almyş Arkadagym — Watana şan!Arkadag gurduran şäher — şähri-bossansyň, Arkadag!

Yzçy (Hekaýat)

Gürrüň etjek wakamyz XIX asyryň aýaklarynda bolupdyr. Ol wagtlar aýak yzyny görüp, onuň kimiňkidigini aýdyp bilýän Jumaguly atly belli yzçynyň ady ile dolupdyr. Onuň bilen baglanyşykly şeýleräk bir gürrüň il içinde häzirlerem ýaşap ýör. Bir gezek uly harasat gopup, dag eteklerinde bakylyp ýören gylýal sürüsi topbagy bilen gürüm-jürüm bolýar. Sürini gözläp golaý-goltumda barylmadyk ýer galmaýar. Bolan ýagdaý şol wagtlar ýaňy adygyp ýören Jumaguly yzça ýetýär. Ol yz çalyp, derrew süriniň giden ugruny anyklaýar. Haýal etmän, üç-dört atly bolup ýola düşýärler. Bulara goşularman başga-da kän bolupdyr, emma gylýal sürüsiniň eýesi Ryzaguly aga beýtmegi makul bilmän: «Bärden topar tutup, atly-ýaragly barsak, birine ogurlyk ýöňkän ýaly bolar. Haýsy obadan çykanam bolsa, kimiň sürüsine goşulanam bolsa, sypaýyçylyk bilen ýagdaýy düşündirmesek, gaty gelşiksiz bolar» diýýär.

«Güýzüň keşbi» (Hekaýa)

Güýz günleriniň biridi. Daşarda ýagyş ýagýar, howanyňam ýakymy ýok. Şonuň üçinem köpler öýdenem çykjak bolanoklar. Bizem otagdaş gyzlarymyz bolup, o ýere-bu ýere gitmegiň pikirinem etmedik. Ýogsam dynç alyş günlerinde şähere çykyp gelmek üçin hökman bir bahana tapylýardy. Maral atly otagdaşymyz-a: «Güýzüň şular ýaly howasy gaty ýüregimi gysdyrýa» diýip, eline kitap alsa-da, penjiräniň öňünden aýrylyp bilmän geçdi. Her kim öz bilenje heňine tutdurmaly-da, menem otagymyzdaky ýeke-täk stoly eýeläp, güýz hakda goşgy ýazjak bolýan, emma başarýan zadym ýok. Ýalandan-çyndan ýekeje setir önäýse nädersiň. Töwerek-daşyň gussasynyň sowugy içki dünýämde eýemsiräp ýören ylhamymy-da doňduryp taşlan bolarly. Öňküler ýaly, otagdaşlarymam ol-bi gürrüň tapyp, güýmäberenoklar. Göräýmäge bu görnüş şundan şeýläk hemişe dowam edäýjek ýaly, şeýle bir sustum basylýar, heý goýaý. Onsoň kelläme otagdakylaryň bolup oturyşyny suratlandyraýyn-da, şoňa-da «Güýzüň keşbi» diýip at bereýin diýen pikir geldi. Duýdansyz dörän pikirimi durmuşa geçirmek maksady bilen täze sahypany öňümde goýup, ýaňy bir goşgynyň ilkinji setirini ýazyp bolanymdan gapy kakyldy. Gapydan bizden bir ýyl aşakda okaýan Gülaýymyň girenini görüp ýüregim giňäp giden ýaly boldy. Sebäbi Gülaýymyň ady ýokary okuw mekdebimizde «şadyýanlyk» sözüniň sinonimi ýalydy.

«Hezreti Ýusubny beýan eýläli»

Gözelligiň simwoly bolup, dünýä edebiýatyna giren Ýusupdyr Züleýhanyň edebi keşbi, aslynda miladydan öňki X asyrda arap halkynyň arasynda döreýär. Wagtyň geçmegi bilen bu gyzykly rowaýata her halk milli reňk berip, ony öz taryhy şertlerine görä işleýär. Onuň erteki görnüşini türkmen halk döredijiliginde-de görmek bolýar. Ýöne wagt geçdigiçe, dessan halk döredijiliginden ýazuwly edebiýata geçip başlaýar. Maglumatlara görä, ol has irki döwürlerde Töwrata girizilipdir. Şonuň üçinem oňa kähalatlarda «Töwrat rowaýaty» hem diýilýär. Ýordumynyň örän gyzyklylygy bilen ol şol döwürleriň ýazyjylarynyň we şahyrlarynyň ünsüni özüne çekýär. Bu ýordum esasynda ilkinji gezek miladynyň IV asyrynda Şamda ýaşap geçen Afrema diýen şahyr eser döredýär. V asyrda bolsa Narsan we Ýakup Sergun atly şamly şahyrlar käbir wakalar bilen onuň üstüni ýetirýärler. Şeýlelikde, bu dessan her döwrüň taryhy şertlerine görä kämilleşýär.

TÜRKMENISTAN — PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ WATANY

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW «Adamzadyň beýik geljegi parahatçylygyň üpjün edilmegi bilen bagly bolýar. Häzirki döwrüň ösen täze başlangyçlary diňe adamzadyň howpsuz, asuda ýaşaýşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen maksatlary durmuşa geçirmäge hyzmat etmelidir».

Edebi täsir — döredijilige ganat

Gahryman Arkadagymyz: «Döwletmämmet Azady türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alýan ahlak ýörelgelerini, wagyz-nesihatlaryny, öwüt-ündewlerini özünde jemleýän özboluşly dünýäni — terbiýe mekdebini döreden hem-de adamzadyyň iň arzyly oý-hyýallaryny jahana ýaýan beýik şahyry — Magtymguly Pyragyny terbiýelän kämil ata we görnükli ussatdyr» diýip jaýdar belleýär. Magtymguly Pyragy başlangyç sowadyny atasyndan öwrenýär. Pederiniň berýän öwüt-ündewleri, döredýän çuň manyly eserleri Pyragyny ýaşlygyndan şygryýet dünýäsine ynamly gadam goýmagyna iterýär. Şeýlelikde, ol özüniň çuň mana ýugrulan goşgularyny gije-gündiz senaly setirleriň dünýä inýän ýerinde — mukaddes ata ojagynda döredipdir. Azady oglunyň şygryýet dünýäsinde ýagşy taplanmagy üçin oňa birnäçe çözmesi kyn sowallary beripdir. Otda poladyň mäkäm taplanyşy ýaly şeýle synaglar Magtymgulyny ýagşy taplapdyr. Wagtyň geçmegi bilen Pyragy öz döredijiliginde pederiniň eserlerinde gozgaýan pikirlerine ýüzlenip, onuň edebi däplerini ösdürip ugrapdyr. Muny dürli deňeşdirmeler arkaly ýüze çykarmak mümkindir.

Şygryýet

Bahar AÝDOGDYÝEWA

Watan küýsegi (Hekaýa)

Senden uzaklaşanym bäri men özümi juda ýalňyz duýýaryn. Obamy ýatlaýaryn, ýakynlarymy göresim gelýär. Ara gaty daş! Saňa ýetmek üçin müňlerçe kilometr ýol aşmaly. Özüm baryp bilmesem-de, Watan hakyndaky duýgularym kalbyma giňlik berýär. Aramyzdaky menzillere garamazdan, herdaýym, her pursat alys ilde ýalňyzlykdan üşeýän ruhy dünýämi şol barlyk bilen ýyladýaryn. Şol süýji, ýakymly pursatlar meni gaýta-gaýta ýatlamalara alyp gelýär. Orta mekdebi tamamlan dessime, atam gündogar dillerinden ökde hünärmen bolar ýaly, ýokary okuw mekdebine okuwa synanyşyp görmegi maslahat berdi. 

«Ojakda» ýüregiň şekili bar...

Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, halypa ýazyjy Agageldi Allanazarowyň beýleki şygyr, kyssa eserleri ýaly, «Ojak» atly roman-epopeýasy hem okyjylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolan eserleriň biridir. Jemi bäş jiltden ybarat bolan kitabyň ady hem turuwbaşdan ýakymly täsir galdyrýar. Ähli zat ojakdan başlanýar. Ojak ýylysy! Halkymyzda ol öý manysynda-da, öýüň içindäki esasy ýer hökmünde-de, Watan manysynda hem bellidir. Ojakda gudrat-kerem bar, mähir-söýgi bar. Belki, şonuň üçindir, dünýä gelenden ynsan ýüreginiň ilki ysnyşýany onuň ojagy. Ojakda paýhasly pederleriň, mährem eneleriň keşbi bar! Ojakda Watanyň keşbi bar!

«Her sözüm bir dürdür gadryn bilene...»

Boýra Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Turgul» diýdiler» atly şygrynda şeýle bent bardyr:

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabyndaky hekaýatlar we rowaýatlar ummanyndan

... Köpügören ýaşulularyň gürrüň bermegine görä, töweregiňde saňa ýakyn durýan adamlar kändir, ýöne olaryň içinden hakyky dost diňe sanaýmalydyr. Çyn dost bir ýa-da iki sany bolýar diýýärler. Munuňam sebäbi dostlugyň tertibiniň we özara gatnaşygynyň kadalarynyň aňsat däldigi üçindir. Käteler uzak wagtlap gatnaşan ýakyn dostlar hem birek-biregiň ýagdaýyndan habarsyz galýarlar. Şeýlelikde, olaryň dostlugy hem öňküsinden gowşaýar. Bu ýagdaý tymsalda şeýle beýan edilýär: «Iki dost her bir işi maslahatlaşyp edipdirler. Olaryň birine degişli çylşyrymly ýagdaýy beýleki biri käteler oňa duýdurman çözüpdir. Şeýdip, olar uzak ýyllar iňňän gadyrly gatnaşyk saklapdyrlar. Olaryň ikisiniňem rysgaly artyp, çagalary hem ese-boýa galypdyr. Aýdyşlary ýaly, günleri özlerinden geçipdir. Soňabaka olaryň barşyp-gelişmäge hem elleri degmändir. Şeýdibem esli wagt ara düşüpdir. Ynha, bir günem dostlaryň biri beýlekisiniň gapysyny kakypdyr. Eý, allajanlarym, muňa näme bolduka?! Şu pikir öý eýesini ünjä goýupdyr. Dosty öňki adam däl diýýär, aladadan ýaňa ýüzi hem gara-ört bolupdyr. Ol gelşine aljyraňňy halda ondan köp mukdarda pul karz sorapdyr. Dosty onuň aljyraňňy ýagdaýyny aňypdyr-da, sesini çykarman, diýen puluny berip:

Ruhubelentligiň zamany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim ulgamy uly ösüşlere eýe bolýar. Ýurdumyzda döredilýän giň mümkinçiliklerden ugur alyp, talyp ýaşlar hem daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwrenýärler. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň pederi Döwletmämmet Azadynyň adyny göterýän ýokary okuw mekdebiniň talybydygymyza buýsanjymyzyň çägi ýok. Biz bu ýerde diňe daşary ýurt dillerini öwrenmek bilen çäklenmän, çeper edebiýatlary we dünýä edebiýatyny hem öwrenýäris. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly ýatdan çykmajak taryhy wakalara baý boldy. Gözel paýtagtymyz Aşgabadyň ilersinde, ajaýyp Köpetdagyň eteginde döredilen Magtymguly Pyragy seýilgähi türkmen edebiýatynyň we medeniýetiniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, ýaş nesilleri terbiýelemekde möhüm orun tutýar. Bu ajaýyp seýilgähde doganlyk halklaryň şahyrdyr ýazyjylarynyň heýkelleriniň ýerleşdirilmegi aýratyn buýsandyryjy waka boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Pyragynyň ajaýyp goşgulary ähli nesiller üçin beýik taglymat we mekdepdir» diýen dürdäne setirlerinde belleýşi ýaly, biz hem akyldar şahyrymyzyň goşgularyny türkmen dilinde hem-de daşary ýurt dillerinde öwrenýäris. Akyldar şahyr Watany söýmegi, ony gözüň göreji ýaly gorap saklamagy mukaddes borç hasaplapdyr.

Paýhas çeşmesinden

■ Hakykat — altyndan gymmat. ■ Haýyr — bereket, nur — rehmet.