Gözelligiň simwoly bolup, dünýä edebiýatyna giren Ýusupdyr Züleýhanyň edebi keşbi, aslynda miladydan öňki X asyrda arap halkynyň arasynda döreýär. Wagtyň geçmegi bilen bu gyzykly rowaýata her halk milli reňk berip, ony öz taryhy şertlerine görä işleýär. Onuň erteki görnüşini türkmen halk döredijiliginde-de görmek bolýar. Ýöne wagt geçdigiçe, dessan halk döredijiliginden ýazuwly edebiýata geçip başlaýar. Maglumatlara görä, ol has irki döwürlerde Töwrata girizilipdir. Şonuň üçinem oňa kähalatlarda «Töwrat rowaýaty» hem diýilýär.
Ýordumynyň örän gyzyklylygy bilen ol şol döwürleriň ýazyjylarynyň we şahyrlarynyň ünsüni özüne çekýär. Bu ýordum esasynda ilkinji gezek miladynyň IV asyrynda Şamda ýaşap geçen Afrema diýen şahyr eser döredýär. V asyrda bolsa Narsan we Ýakup Sergun atly şamly şahyrlar käbir wakalar bilen onuň üstüni ýetirýärler. Şeýlelikde, bu dessan her döwrüň taryhy şertlerine görä kämilleşýär.