"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Tebigat — biziň öýümiz

Derwaýys mesele Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasaty ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, şol sanda daşky gurşawy goramaga, aýap saklamaga hem-de rejeli peýdalanmaga gönükdirilendir. Tebigat adamzat ýaşaýşynyň gurşawydyr. Bir söz bilen aýdylanda, adam tebigatyň bölegidir. Adamyň daşky gurşawa täsiriniň derejesi, ilki bilen, jemgyýetiň tehniki taýdan üpjünçiligine baglydyr. Ýurdumyzda daşky gurşawy, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň gymmatly görnüşlerini goramagyň, tebigy baýlyklarymyzy aýawly hem-de netijeli ulanmagyň, durmuş we hojalyk desgalarynyň ekologiýa şertlerini üpjün etmegiň möhüm meselelerini çözmek üçin toplumlaýyn işler amala aşyrylýar.

Äpet kerkaw agajy

Kerkaw kerkawlar maşgalasyna degişli bolup, boýy 3-12 metre ýetýän, daglarda we daşly eňňitlerde ösýän agaçdyr. Daragt mart-aprel aýlary gülleýär we iýul-awgust aýlary miweleýär. Ir bahar kerkaw güllände, tebigat ajaýyp görnüşe eýe bolýar. Daglaryň barmasy kyn bolan ýerlerinde hem ösýän kerkaw agajy dag topragyny berkitmekde we ýuwulmakdan goramakda örän ähmiýetlidir. Hasar dagy täsinlikleriň hazynasy hökmünde açyk asmanyň astynda dörän tebigatyň muzeýidir. Bu dagyň üstünde düýbüniň sütüni 3 metrden gowrak bolan kerkaw bar. Bu goja kerkawyň ýogynlygy örän täsindir. Sumbar sebitinde ýaşaýan ýaşulular şunuň ýaly ýogyn kerkawa entek gabat gelinmändigini bellediler. Bu kerkawyň boýy 12 metrden gowrak bolup, 11 sany gapdal şahalary ýerleşýär. Gapdal şahalarynyň ýogynlygy 51-98 santimetre çenlidir.

Gülle, çöl agajy, gülle!

Sözi söze sepläp, syntgylap, renç baryny siňdirendirin öýdýän sözbaşyň sözbaşy şekilli bolsa, dowamy-da ýazylan deýin ýazylaýjak ýaly. Soňky sözüň tutuş sözleme gümürtiklik, gümanalyk çaýýanlygyny üşükli okyjy gürrüňsiz aňar, üstesine-de, ýene-de bir zady aňsa aňandyr. Aňylaýjak ol zat nämedir öýdýäňiz? «Ýazylmaly zada beletlik» diýýäňizmi? Iňňän dogry söz. Bu il-günüň «Çüýlemek çüýledi» diýýäni bolar. Eýsem näme?! Žurnalistikada, žurnalistleriň arasynda ykrar edilen bir pikir bar: gahrymanyňy, önümçiligiň pudaklaryny, ylmy, tehnikany, tebigaty... garaz, tutuş durmuşy näçe bilseň bil, ýazmak şonça-da kynlaşýar. Gurbannazaryň «Ýeri, ýazmak kärin tapdyň sen nirden?» diýen setiri, meger, söz sungatynyň şeýle çylşyrymlylyklary zerarly dörese dörändir. Çünki söz kämilligine çägiň çägi ýok. Tejribe toplaýa-toplaýa, jogapkärçilik duýgusy çuňlaşa-çuňlaşa, her sözi aň aýdyňlygynda durlap, paýhas eleginden eleýe-eleýe, ýürek ýylysy bilen ýugransoguň, diňe şondan soň, aňrybaş bolmasa-da, garaz, gazetçi ony okyja hödürläp bilse bilýär. A.Agranowskiý, I.Erenburg, K.Simonow, O.Butow ýaly žurnalistleriň sözi şeýle sözlerden bolansoň, olaryň ady pylankeslige ýetdi. Häzirki «Türkmenistan» gazetinde geçen asyryň 70-nji ýyllarynyň ikinji ýarymynda Ahal welaýaty boýunça habarçysy bolan Hekimberdi Hümmedow, agzalan gazetde ömrüniň dürli ýyllarynda işlän Allaguly Ýusubow žurnalistik s

Dünýäniň iň owadan buzlugy

Tebigatymyzyň owadan ýerleri sanardan kän. «Dünýäniň iň owadan buzlugy» ady bilen meşhurlyga eýe bolan Argentinanyň Santa-Krus welaýatynyň günorta-günbatarynda ýerleşýän Los-Glasýares milli seýilgähiniň çägindäki Perito-Moreno buzlugy hem şeýle ajaýyp tebigy ýerleriň biridir. Deňi-taýy bolmadyk bu owadan sebit El-Kalafat şäherinden 78 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Meýdany 250 inedördül kilometr bolan Perito-Moreno buzlugy tutuş dünýä boýunça süýji suwuň ätiýaçlyk gorunyň saklanyş göwrümi boýunça Antarktidadan we Grelandiýadan soň 3-nji orunda durýar. Bu buzluk Argentina we Çili döwletleriniň araçäginde Argentina kölüne ýanaşyk ýerde ýerleşýär. Buzlugyň ady argentinaly alym, tebigaty öwreniji, daşky gurşawy goraýjy Fransisko Paskasio Morenonyň ady bilen baglanyşdyrylýar. Bu alym ilkinji bolup XIX asyrda bu sebiti öwrenýär. Perito-Moreno buzlugynyň ininiň iň giň bölegi 5 kilometr. Buzlugyň ortaça beýikligi suwuň tekizlik derejesiniň üstünden 50-60 metr beýiklikde ýerleşýär. Ortaça çuňlugy 170 metr hasaplanyp, iň çuň ýeri 700 metre ýetýär. Buzluk soňky 90 ýylyň dowamynda öz suw massasyny üýtgetmezden saklap gelýär. Ylmy çeşmelerde berilýän maglumatlara görä Perito-Moreno buzlugynyň ýaşy 30 müň ýyl töweregidir. Buzluk tutuşlygyna alnanda syrçalanan mawy reňklidir. Emma käbir ýerlerinde garamtyl çal ýa-da ak öwüsýän tegmilleri bar. Buzlukdan mydama şyggyldy sesleri eşidilýär.

Mermer ördek

Mermer ýa-da dar burunly ördek (lat. Marmaronetta angustirostris) Marmaronetta urugynyň ýeke-täk wekili. Onuň dünýäde ortaça 55 — 61 müň görnüşi bar. Şonuň üçin ol Halkara Gyzyl kitabyna girizildi we suw guşlarynyň bu görnüşini awlamak gadagan edildi. Guşuň bedeniniň umumy uzynlygy 45 santimetr, ganatyny gerende uzynlygy 25 santimetr. Ol, esasan, kenarýaka ösümliklere baý, ýalpak, dury suwlarda ýaşaýar. Sebäbi bu guşlar suwdan iýmitlenýärler. Ol suwda ýüzüp barýarka suwa çümende, suwuň ýüzünde diňe guýrugynyň ujy görünýär. Köplenç ownuk mollýuska we suwdaky mör-möjekleri, balyklary tutup iýýär. Haçan-da suw howdanlary doňup, zerur iýmit ýetmezçilik edende, guşlar iýmite has baý bolan ýyly ýurtlara göçýärler. Bu guş agaçlaryň şahalarynda oturmagy, daş-töweregi synlamagy gowy görýär. Höwürtgesini gury otlardan agaçlaryň üstünde gurýar. Mermer ördek Ýewropanyň günorta sebitlerinde ýaşaýar. Şeýle hem ol Merkezi Aziýa jülgelerine-de giňden ýaýrandyr.

Täsin daragt

Jakaranda — täsin ösümlik. Jakarandanyň watany Günorta Amerika hasaplansa-da, häzirki wagtda ol dünýäniň köp ýurtlarynda ösdürilip ýetişdirilýär. Jakarandanyň täsin gök, benewşe reňkli, jaňjagaza meňzeş gülleri bolýar. Bu ösümligiň käbir görnüşleriniň ak, sary we goýy gyzyl reňkli güllüleri hem gabat gelýär. Hemişe gök öwüsýän bu ösümlik oktýabr aýyndan dekabr aýyna çenli has owadan görünýär. Bu döwürde ol gülleýär we baldaklary güle bürenýär. Onuň boýunyň uzynlygy 20 – 30 metre çenli ýetýär. Jakaranda Awstraliýada giňden ýaýran agaçdyr. Her ýylda Grafton şäherinde Jakaranda festiwaly geçirilýär. Awstraliýada maşgalada çaga doglandan soň, jakaranda agajynyň nahalyny oturtmak däbi bar. Awstraliýaly talyplar bu agajy «synag agajy» diýip atlandyrýarlar. Jakarandanyň gülleýän wagty onuň güli kimiň kellesine gaçsa, bu onuň synagdan üstünlikli geçjekdigini aňladýar.

Bag — barlyk, bakylyk, bolçulyk, bagt

Döwlet Baştutanymyzyň asylly başlangyjy bilen geçen şenbe gününde — 9-njy noýabrda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň güýzki bag ekiş möwsümine badalga berildi. Bu ählihalk ýowar gününde gözel paýtagtymyzda, sebitiň ilkinji «akylly» şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynyň çar künjünde ýaşajyk nahallar oturdylyp, topraga kök uran baglara ideg işleri geçirildi. Möwsümiň Hasyl toýunyň öňüsyrasynda başlanmagy edermen babadaýhanlarymyzyň hem-de zähmetsöýer, agzybir halkymyzyň kalbyny çäksiz buýsanç bilen pürepürledi. Hemişelik Bitarap Watanymyzda her ýylyň iki, ýagny güýz, ýaz pasyllarynda agaç nahallarynyň millionlarçasyny ekmek, «ýaşyl» ykdysadyýetiň goruny baýlaşdyrmak, tebigy gurşawyň täsiri, iýmitlik, şerbetlik azyk önümleriniň esasyny düzýän dürli, datly miweler arkaly ynsan saglygyny berkitmek we ömrüni uzaltmak asylly däbe, döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Ýurdumyzyň welaýatlarynda miweçilige ýöriteleşdirilen daýhan birleşikleriniň, kiçi we orta telekeçileriniň köpüsiniň ýerli hem-de toprak, howa şertlerimize uýgunlaşdyrylan ştil-nahalçylyk, miweçilik bilen meşgullanmaklary, ýetişdiren hasyllaryny ýylyň islendik pasylynda ter ýagdaýda, şeýle-de olary gaplanan, gaýtadan işlenen görnüşlerde amatly bahadan halkymyza ýetirmekleri, dünýä bazaryna çykarmaklary hem bu ugurda durmuşa geçirilýän işleriň bir görkezijisidir. Olar hem bag ekiş möwsümlerinde miwe

Bäş reňkli derýa

Tebigatyň ajaýyp gözelliklerine ser salanymyzda onuň täsin gurluşyna, reňkleriň özara sazlaşygyna gözümiz düşýär. Olaryň hersiniň aýratyn owadanlygy bar. Emma käbir ýerleriň öwüşgini beýlekilerden aýratyn bir şekilde bölünip aýrylýar. Kolumbiýadaky Kano Kristales derýasy bolsa, köp reňkliligi bilen tapawutlanýar. Oňa ýerli ilat tarapyndan “Bäş reňkli derýa” ýa-da “Suwuk älemgoşar” hem diýilýär. Şol sebäpli hem ol akar suwly derýalaryň arasynda iň owadany hasaplanýar. Ýylyň käbir paslynda adaty derýadan tapawudy bolmadyk bu akaba, iýul aýynyň ahyryndan dekabra çenli aralykda ýaşyl, sary, gök, gara we gyzyl reňklere öwrülýär. Derýanyň ugrunda birnäçe şaglawuklar hem ýerleşýär. Bu derýa üç sany esasy ekoulgamyň – Amazonka derýasynyň, And daglarynyň we Gündogar Lýanos sährasynyň çatrygynda bolanlygy sebäpli ösümlik we haýwanat dünýäsine hem diýseň baýdyr. Onuň töwereginde guşlaryň 420 görnüşi, ýerde we suwda ýaşaýan jandarlaryň 10 görnüşi hem-de süýrenijileriň 43 görnüşi duş gelýär. Derýada endemik suw otlary hem bardyr. Ini 20 metr, uzynlygy 100 kilometrlik derýanyň dürli görnüşli reňkleri onuň içindäki otlaryň reňkine görä üýtgäp durýar. Ýagşyň köp ýagýan möwsüminde derýanyň suwy örän çasly akýar we bulanyk bolýar. Şol sebäpli derýanyň içindäki otlar Gün şöhlesini ýeterlik mukdarda almaýarlar. Emma ygally pasyl bilen gurak paslyň çalyşýan döwründe suwuň akymy ortaça bolýar

Te­bi­ga­tyň aja­ýyp gör­nü­şi

«7/24.tm»: №46 (233) 11.11.2024 Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň 25-nji okt­ýabr­da san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ri­len mej­li­sin­de ýur­du­myz­da güýz­ki bag ek­mek möw­sü­mi­ne gö­rül­ýän taý­ýar­lyk iş­le­ri ba­ra­da hem ha­sa­bat be­ril­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, bu möw­sü­me go­wy taý­ýar­lyk gör­mek bi­len bag­ly de­giş­li iş­le­ri ge­çir­mek ba­ra­da ýö­ri­te tab­şy­ryk ber­di. Agaç na­hal­la­ry­ny köp­çü­lik­le­ýin ek­mek ýurt de­re­je­sin­de, äh­li­halk iş­jeň­li­gi ne­ti­je­sin­de «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da hem üs­tün­lik­li do­wam et­di­ril­ýär. Hor­mat­ly Prezidentimi­ziň ýur­du­myz­da köp­çü­lik­le­ýin agaç na­hal­la­ry­ny ek­mek çä­re­si­ni ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek ba­ra­da­ky tab­şy­ryk­la­ry pe­der­le­ri­miz­den gel­ýän bu asyl­ly işe ýurt de­re­je­sin­de äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň my­sa­ly­dyr.

Ýa­şyl te­bi­gat — sag­ly­gyň baş go­rag­çy­sy

«7/24.tm»: №46 (233) 11.11.2024 Ýur­du­my­zy ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mek ug­run­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän döw­let de­re­je­li uly iş­ler bu gün Di­ýa­ry­my­zyň çar kün­jü­niň, şol san­da paý­tag­ty­myz Aş­ga­ba­dyň, şeý­le hem Ar­ka­dag şä­he­ri­niň ýy­lyň dört pas­lyn­da gy­zyl-el­wan, al-ýa­şyl öw­süp otu­ran gül­zar­ly­ga, ýa­şyl bos­san­ly­ga öw­rül­me­gi­ne ge­tir­di. Gö­zü­ňe hoş ýak­ýan şeý­le ýag­daý­lar gö­nü­den-gö­ni Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len ýo­la goý­lan we bu gün­ki gün Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz ta­ra­pyn­dan do­wam et­di­ril­ýän, ýyl­da iki ge­zek ýaz hem güýz pas­lyn­da ge­çi­ril­ýän äh­li­halk bag ek­mek da­ba­ra­sy­nyň aý­dyň ne­ti­je­sidir. Hal­ky­my­zyň uly-ki­çi diý­män, ag­zy­bir­lik­de gat­naş­ýan bu asyl­ly çä­re­sin­de ýy­lyň-ýy­ly­na mi­we­li hem sa­ýa­ly agaç­la­ryň müň­ler­çe­si ekil­ýär. Te­bi­ga­tyň gö­zel­li­gi­ni art­dyr­mak bi­len bir ha­tar­da, yn­san sag­ly­gy üçin hem ta­pyl­gy­syz gym­maty bo­lan ýa­şyl bag­la­ryň, al-el­wan gül­le­riň äh­mi­ýe­ti luk­man­çy­lyk yl­myn­da hem mö­hüm orun tut­ýar.

Baglar — ýaşaýşyň ýaraşygy

Eziz Diýarymyzyň gözel tebigatyny goramak, halkymyzyň arassa ekologik gurşawda ýaşamagyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyjy esasynda ýola goýlan köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň güýzki bag ekmek möwsümi hem ildeşlerimiziň müňlerçesini ata-babalarymyzyň sogaply işlerini dowamata besläp, tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak ýaly asylly maksadyň daşynda jebisleşdirer. Häzirki wagtda dünýäniň ähli ýurtlarynda diýen ýaly howanyň hapalanmagyna garşy göreşmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu meselede ýurdumyzyň nusga alarlyk syýasaty ýöredýändigini bellemek ýakymlydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden taryhy çykyşynda we Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda (СOP-28) eden çykyşynda hem howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça anyk başlangyçlary öňe sürdi.

Täsin agaçlar

Ýylyň her paslynda dürli miwedir gök önümleriň bolşy ýaly, tebigy we howa şertlerine görä, Ýer ýüzüniň dürli ýerlerinde dürli hili jandarlar we ösümlikler bar. Olaryň käbirini hemişe diýen ýaly görýän bolsak, käbiri barada asla eşiden hem däldiris. Sebäbi dünýädäki ösümlikleriň we jandarlaryň görnüşi sanardan has kän. Şu sanymyzda köpümize mälim bolmadyk ösümlikleriň käbiri barada maglumat bermegi makul bildik. “Çörek agajy” – bu ösümlige latynça “artocarpus incisa non seminifera” diýilýär. Onuň ata Watany Ýuwaş ummanynyň kenarlaryndaky tropik sebitler hasaplanýar. Goşa-goşadan düwýän miweleriniň diametri 10-17,5 santimetr aralygynda, agramy bolsa 1,5 kilogram bolýar. Onuň ýapraklarynyň ululygy 25-50 santimetre barabar. Agajyň boýy 20 metre çenli bolup, ýylyň ähli paslynda miwe getirýär.

Alaňňyrt

Garagum sährasynda iň köp duş gelýän jandarlaryň biri-de alaňňyrtdyr. Süýdemdirijiler maşgalasynyň gemrijiler ugruna degişli bolan bu jandar Diýarymyzyň çäginde ýerleşýän aýratyn goralýan tebigy meýdanlaryň üçüsinde, ýagny «Gaplaňgyr», «Bereketli Garagum» döwlet tebigy goraghanalarynyň hem-de «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň meýdanlarynda duş gelýär. Onuň ýene bir ady ýumrandyr. Alaňňyrdyň bedeniniň agramy belkanyň beden agramy bilen deňräk, ýagny 800 gram töweregidir. Onuň uzyn we inçe süňkli barmaklary bar, şol sebäpli käbir ylmy çeşmelerde bu jandar «inçe barmakly alaka» diýlip hem atlandyrylýar. Aýaklarynyň üýtgeşik gurluşy böküp hereket etmäge ýardam edýär. Bedeniniň tüý örtüginiň köp bölegi çäge reňkli, arka böleginiň tüý örtügi sarymtyl, ýagny saman reňklidir. Şeýle penalaýjy reňk alaňňyrdy ýyrtyjy guşlardan we haýwanlardan goraýar. Ol tüý örtügini ýylda iki gezek täzeleýär. Alaňňyrdyň tüý örtügi gyş aýlarynda örän gür we uzyn, tomusda bolsa, tersine, gysgadan seýrek bolýar. Yzky aýaklarynyň dabany öňki aýaklarynyňkydan ep-esli uludyr.

ÖSÜMLIKLER BARADA TÄSIN MAGLUMATLAR

Tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň çalt depgin bilen ösýän, özgerýän döwründe adamzady geň galdyrmak örän kyn. Emma tebigat özüniň gaýtalanmajak täsinlikleri, geň-enaýy jandarlarydyr ösümlikleri bilen munuň hötdesinden gelýär. “Daşy gan ýaly, içi un ýaly”

Bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine

ZEMINIŇ BEZEGI Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Şeýle-de, tebigaty gözelliklere baý Diýarymyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, geljekki nesillerimize ýetirmekde amala aşyrylýan işler aýratyn bellärliklidir.

Aýawly çemeleşmek bilen

Mele suwly Jeýhunyň goşa kenary gaýtalanmajak gözellige eýe. Onuň sümme tokaýlyklary Garagumuň ümmülmez gum gerişlerine utgaşyp gidýär. Bu behişdi çäkde dürli ösümlikler ösüp, köpsanly janly-jandarlar ýaşaýarlar. Şol baýlygy gorap saklamak, köpeltmek we ylmy taýdan öwrenmek işleri bilen Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň agzybir işgärleri meşgullanýarlar.

Utanjaň mimoza

Ol köpýyllyk ösümlik bolup, kösükliler maşgalasyna degişlidir. Onuň watany Merkezi we Günorta Amerikanyň tropiki tokaýlary bolup, ol soňy bilen owadan bezeg ösümligi hökmünde dünýäniň köp sebitlerine ýaýrapdyr. Utanjaň mimozalaryň boýy, ortaça, 30 — 70 santimetre barabar bolýar. Bu at olara ýapraklarynyň örän duýgurlygy, özlerine galtaşma bolanda, ýygrylýandygy bilen baglanyşykly dakylypdyr. Beýle ýagdaý ýapraklaryň düýbünde hereketi üpjün edýän pulwinuslaryň (damarlyk ýognalma), ýapraklarynda bolsa galtaşma duýgur reseptorlaryň ýerleşýändigi bilen baglydyr. Eger ýarym sagadyň dowamynda gaýtadan galtaşma bolmasa, onuň ýapraklary öz-özünden gaýtadan ýazylýar. Geçirilen bir barlag bu ösümligiň galtaşmalary tapawutlandyrmagy başarýandygyny görkezdi. Bolup geçen galtaşma özüne howp salmadyk ýagdaýynda bolsa onuň ýapraklary ýygrylmaýar.

Owadan durna ýa-da karkara

Ýurdumyzda düşläp geçýän guşlaryň bir görnüşi owadan durnalardyr. Olaryň guýrugy kelte we erkeginiň hem, mäkiýanynyň hem ýelekleri birmeňzeş bolýar. Aglaba açyk meýdanlarda — sähralarda, batgalyklarda ýaşaýarlar. urnalar göçýän guşlardyr. Aýry-aýrylykda ikibir bolup gezýärler. Durnalar gyşlajak wagtlary topar bolup, toýnuk gurap, yssy ýurtlara uçup gidýärler. Ýerde höwürtgeleýärler, üç ýumurtga çenli guzlaýarlar. Durnalar ot, miwe, mör-möjekler, ownuk gemrijiler bilen iýmitlenýärler. Durnalaryň bäş urugy, on bäş görnüşi bar. Türkmenistanda üç görnüşi duş gelýär. Biziň ýurdumyzda güýz we ýaz pasyllarynda duşýarlar.

Biler bolsaňyz...

Atlar ýatkeş bolýarlar. Olar birnäçe ýyl ozal gabatlaşan zatlaryny, adamlaryny, şeýle-de ele alan endiklerini ýadynda saklap bilýärler. * * *

Tawus guşy — gözellik nusgasy

Bu guşlar uzynlygy 1,5 metre çenli ýetýän ýelpewaç şekilli guýruklary bilen beýleki guşlardan tapawutlanýarlar. Göz gamaşdyryjy derejede owadan guýruklary bolsa olaryň diňe horazlarynda bolýar. Olar sülgünler maşgalasyna degişlidir. Dünýäde tawuslaryň üç sany esasy görnüşi duşýar. Olar hersiniň özboluşly aýratynlyklary bolan hindi, ýaşyl (ýa-da Ýawan) we Kongelez tawuslarydyr. Ýeri gelende, hindi tawusynyň Hindistanyň milli guşy hasaplanylýandygy-da bellärliklidir. Tawusyň guýrugynda her ýyl täzelenip durýan ýelekleriň 200-e golaýy bolýar. Şol ýelekleriň 170-den gowragy göz şekilinde bolýar. Şol sebäpli olar «göz ýelegi» diýlip atlandyrylýar. Ýelekleriň galan bölegi bolsa owadan çyzgylardan ybaratdyr.