Tebigatymyzyň owadan ýerleri sanardan kän. «Dünýäniň iň owadan buzlugy» ady bilen meşhurlyga eýe bolan Argentinanyň Santa-Krus welaýatynyň günorta-günbatarynda ýerleşýän Los-Glasýares milli seýilgähiniň çägindäki Perito-Moreno buzlugy hem şeýle ajaýyp tebigy ýerleriň biridir. Deňi-taýy bolmadyk bu owadan sebit El-Kalafat şäherinden 78 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Meýdany 250 inedördül kilometr bolan Perito-Moreno buzlugy tutuş dünýä boýunça süýji suwuň ätiýaçlyk gorunyň saklanyş göwrümi boýunça Antarktidadan we Grelandiýadan soň 3-nji orunda durýar. Bu buzluk Argentina we Çili döwletleriniň araçäginde Argentina kölüne ýanaşyk ýerde ýerleşýär.
Buzlugyň ady argentinaly alym, tebigaty öwreniji, daşky gurşawy goraýjy Fransisko Paskasio Morenonyň ady bilen baglanyşdyrylýar. Bu alym ilkinji bolup XIX asyrda bu sebiti öwrenýär. Perito-Moreno buzlugynyň ininiň iň giň bölegi 5 kilometr. Buzlugyň ortaça beýikligi suwuň tekizlik derejesiniň üstünden 50-60 metr beýiklikde ýerleşýär. Ortaça çuňlugy 170 metr hasaplanyp, iň çuň ýeri 700 metre ýetýär. Buzluk soňky 90 ýylyň dowamynda öz suw massasyny üýtgetmezden saklap gelýär. Ylmy çeşmelerde berilýän maglumatlara görä Perito-Moreno buzlugynyň ýaşy 30 müň ýyl töweregidir. Buzluk tutuşlygyna alnanda syrçalanan mawy reňklidir. Emma käbir ýerlerinde garamtyl çal ýa-da ak öwüsýän tegmilleri bar. Buzlukdan mydama şyggyldy sesleri eşidilýär.