"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Saglygymyzy goralyň!

Günüň ýiti göni şöhlesinden goranmak üçin başgap ýa-da ýaglyk daňynyň. Çagalara ideg edýän terbiýeçiler we ene-atalar arassa howada gezelenç etmek üçin irden sagat 06.00-09.00-a çenli öýlän 18.00-dan soň pasla görä geýnüwli gezelenç ediň.

Tomsuň yssy günlerinde

aşakdaky maslahatlary berjaý etmeli Howanyň gyzmagy bilen adam bedeninde üýtgeşmeler bolup geçýär. Jöwzaly tomus günlerinde gan damarlary giňelýär, derleme hadysasy güýçlenýär. Beden artykmaç gyzgyny daşary çykarýar, der mäzleri arkaly özüni ýokary gyzgynlykdan goraýar. Ýöne aşa köp derlemek hem peýdaly däldir. Sebäbi bu ýagdaýda der bilen daşary çykarylýan suwuklyk ýokumly elementleriň ýitirilmegine getirýär. Netijede, dem alyş ýygylaşýar, ýürek urşy seýrekleşýär, gan goýalýar, arterial gan basyşy peselýär, ýürek-damar, nerw ulgamlarynyň işi gowşaýar.

Halkyň saglygy — ýurduň baýlygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli saglygy goraýyş ulgamy ösdürilip, adamyň saglygy baradaky alada döwlet syýasatynda ileri tutulýar. Ýurdumyzda adam we onuň saglygy baş gymmatlyk hökmünde kesgitlenmek bilen, ynsan saglygyny goramak boýunça düýpli işler durmuşa geçirilýär. Täze hassahanalaryň, merkezleriň, saglyk öýleriniň, sport desgalarynyň gurulmagy, bu ugurda badalga berlen giň gerimli özgertmeler, işlenip düzülen maksatnamalar   «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer taglymatlar esasynda ýurdumyzda adam hakynda uly alada edilýändigini görkezýär. Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda häzirki zaman saglygy goraýyş ulgamynyň kanunçylyk binýady täze kanunlaryň kabul edilmegi we hereket edýän kanunlara döwrebap üýtgetmeleriň, goşmaçalaryň girizilmegi bilen has-da kämilleşdirilýär. Olaryň maksady raýatlaryň saglygynyň goralmagyna we jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesiniň emele getirilmegine, ornaşdyrylmagyna gönükdirilmek bilen, ýaramaz endiklere garşy göreş çärelerini öz içine alýar.

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany

Ynsan saglygynyň ähli zatdan ileri tutulýan ýurdy bolan Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgesiniň has-da rowaçlanmagy ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň kadalaryny berjaý etmäge hem-de sporta we köpçülikleýin bedenterbiýä bolan höwes barha artýar, bu babatda alnyp barylýan işler rowaçlanýar. Adamlaryň saglygyny goramak, ömür dowamlylygyny artdyrmak, sporty ösdürmek döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrülýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak, beden taýdan berk, sagdyn, ruhubelent ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek babatda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde tanalýan Diýarymyzda saglygy goraýyş ulgamy uly ösüşlere eýe bolýar. Iň häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan hassahanalar, sagaldyş we keselleri anyklaýyş merkezleri, şypahanalar, saglyk öýleri ulanmaga berilýär. Olarda edilýän ýokary derejeli hyzmatlar ýurdumyzda ynsan saglygyny goramaga uly üns berilýändigine kepil geçýär. Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Suwda ýüzmek üçin ýerine ýetirmeli düzgünler!

Tomus aýlary yssy günler-de dynç alyş pursatlarynda, suwda ýüzmek bilen adatdan daşary howply ýagdaýlar bolup bilner. Ine, tomusda ýüzýän wagtyňyzda sizi we ýakynlaryňyzy howpsuz saklamaga kömek edýän birnäçe düzgünlere üns beriň. 1.   Sebiti üns bilen öwreniň.Halas ediji gullugy bar bolan kenarlarda ýüzmek iň gowusydyr. Enjamlaşdyrylan kenarlarda howpsuz ýüzmek meýdançalary we gyssagly halas ediş enjamlary bilen üpjün edilendir. Hünärmenleriň bolmagy töwekgelçiligi ep-esli azaldar.

Gün şöhlesiniň saglyga täsiri

Gün şöhlesi bedeniň gorag (immun) ulgamyny pugtalandyrýar, gan aýlanyşygyny gowulandyrýar. Ol ynsanyň duýgy damarlaryna örän oňat täsir edýär, keýpiňi göterýär, saglygyňy kadalaşdyrýar. Günüň çogy edil beden maşklary ýaly peýdalydyr. Gün şöhlesi ýüregiň myşsalarynyň işjeňligini ýokarlandyryp, gan basyşyny kadalaşdyrýar. Gan basyşy pes adamlara güneş täsir edip, ony kadaly ýagdaýa getirýär. Ýöne Günüň astynda aşa köp durulmagynyň zyýanlydygyny hem unutmaly däldir. Jöwzaly tomus günlerinde adamy Gün urup bilýär. Gün urmasy howanyň gaty gyzmagynyň we Gün şöhleleriniň ýitileşmeginiň täsiri netijesinde döreýär. Gün uranda kelle gyzyp, näsag ilki ýadawlyk, gowşaklyk, aýaklarynda, arkasynda agyry duýýar, kellagyry, başaýlanma döräp bilýär. Bu alamatlara soňra göz öňüniň garaňkyramagy, dem alşyň we ýüregiň urşunyň çaltlanmagy hem goşulýar. Şeýle ýagdaýda näsaga öz wagtynda kömek bermeli. Günüň astynda bolmagy dowam etdirýän näsagyň ýagdaýy beterleşip, ýüzüniň reňki gögümtil bolýar, bedeni has gowşaýar, dem alşy, damar urşy peselýär. Gün uran näsag huşuny ýitirýär, samrap, sandyrap, gyzdyryp, kähalatlarda burny ganaýar, gan basyşy bolsa peselýär.

Hormatly watandaşlar!

Tomsuň häzirki jöwzaly günlerinde sagdyn durmuşy üpjün etmek siziň özüňize baglydyr. Munuň üçin, Günüň ýiti şöhlesinden goranmaly, pasla görä geýinmeli, jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berjaý etmeli, günüň dowamynda 2-2,5 litre çenli arassa agyz suwuny içmeli, gök önümlere, miwelere, süýt we süýt önümlerine has köp üns bermeli, ýagly hem-de ajy tagamlardan, kakadylan et we balyk önümlerinden daş durup, gaýnadylan, buglanan görnüşinde taýýarlanylan naharlary iýmeli. Şeýle-de deňziň açyk kenarynda, howuzlarda we suw-sport desgalarynda ýüzülende bildirilýän ýörite düzgündir talaplary berk berjaý etmegiňizi hem-de saglygyňyza ünsli bolmagyňyzy size maslahat berýäris.

Seresaplylygy elden bermäň!

Tomus paslynyň jöwzaly yssy howasy saglyk ýagdaýymyza has ünsli bolmagy talap edýär. Bu döwürde biz, lukmanlar raýatlara birnäçe saglygy goraýyş düzgünlerini berjaý etmegi ýatladýarys. Şolaryň arasynda tomusda suwa düşmegiň howpsuzlyk kadalary aýratyn orun eýeleýär. Sebäbi tomus paslynyň gelmegi bilen, adamlarda suwa ýakyn bolmak, suwa düşüp salkynlamak islegi has-da artýar. Aýratyn hem çagalar tomsuň hezilligini dynç alyş we suwa düşmek möwsüminiň başlanýandygy bilen baglanyşdyrýarlar. Şeýle bolansoň, suwa düşmek, köplenç, tomus hezilliginiň pursatlary hökmünde kabul edilýär. Emma suwa düşmegiň diňe bir keýpli däl, eýsem howply taraplarynyň hem bardygyny unutmak bolmaz. Suwda ýüzmek beden üçin iň ýakymly we peýdaly çäredigine garamazdan, suwa girilende ägä bolmak hemmeler üçin ilkinji zerurlykdyr. Suwda oýnalanda, ýüzülende gödek hereketlere ýol bermek, ýanyňdakylaryň arasynda öwünip, öň etmedik hereketleriňi edip görkezjek bolmak örän howply ýagdaýlardyr. Suwa düşmek diňe paýhasly çemeleşilen ýagdaýynda peýdalydyr.

Tomus paslynda peýdaly maslahatlar

Tomus paslynda Günüň aşa ýiti şöhlesinden goranyň. Günüň ultramelewşe şöhlelerinden goranmak üçin açyk reňkli nah matadan, ýeňil we giň tikilen eşikleri geýiň. Gün şöhlesi dogry peýdalanylanda bedende D witamini emele gelýär, şonuň üçin Gün şöhlesinden ýerlikli peýdalanyň.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde saglygy goraýyş edaralarynda oňaýly şertler döredilýär, saglygy goraýyş ulgamyny, bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär, zyýanly endikleriň garşysyna göreş çärelerini alyp barmak boýunça netijeli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Arassa howanyň, ýokumly, arassa azyk önümleriniň ýeterlik möçberde bolmagy dürli keselleriň ýaýramagynyň öňüni almakda esasy şertleriň biridir. Şonuň bilen baglylykda, bu ugurda arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň işgärleriniň üstüne hem uly jogapkärçilik düşýär. Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň işgärleri ýerlerde bellenilen meýilnamalaryň çäklerinde keselleriň öňüni alyş çärelerini halk köpçüligine giňden düşündirýärler, bu ugurda hereket edýän talaplara laýyklykda azyk önümleriniň maksadalaýyk saklanylyşyna, sanitariýa we gigiýena düzgünleriniň berk berjaý edilişine gözegçiligi doly amala aşyrýarlar.

Tomus paslynda peýdaly maslahatlar

— Howanyň aşa gyzan wagtynda Günüň ýiti şöhlesinden goranmaly. — Ýeňil, rahat, arassa nah matadan tikilen açyk reňkli egin-eşikleri geýmeli.

Jöwzaly tomsuň ýiti gün şöhlesinden goranyň!

Her bir paslyň özüne mahsus howasy bar. Gün şöhlesi, arassa howa ynsan saglygyna örän peýdaly. Gün şöhlesi ýerlikli peýdalanylanda, bedeniň kesellere garşy göreş ulgamyny pugtalandyrýar. Emma Gün şöhlesiniň aşagynda uzak wagtlap durulmagy, gezilmegi, işlenilmegi bedende dürli bozulmalaryň ýüze çykmagyna getirýär. Howanyň gyzmagy bedeniň öte gyzmagyna getirýär we merkezi nerw ulgamyna zyýanly täsir edýär. Şol sebäpli hem, her bir raýata gündiz sagat 12:00-dan 15:00 aralygynda Günüň aşagynda gezelenç etmek maslahat berilmeýär. Gezelenç etýän adamlara bolsa Gün şöhlesinden goranmak üçin açyk reňkli egin-eşik, kelläňe başgap geýmeli ýa-da ýaglyk atynmaly we saýawan götermek maslahat berilýär, şeýle-de Günden goraýjy äýnekleri dakynmaly. «Saglygym-baş baýlygym» diýlişi ýaly, her bir adam özüni Gün urma howpundan goramalydyr!

Suw, howa we saglyk

Tomus pasly dowam edýär. Zähmet rugsadyna çykan ildeşlerimiz ýurdumyzyň şypahanalarydyr dynç alyş merkezleri bilen bir hatarda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda köpçülikleýin dynç alýarlar. Şoňa görä-de, deňziň kenarynda dynç almagyň aýratynlyklary we adam bedenine edýän täsiri dogrusynda söz açmagy makul bildik. Deňiz suwy adam bedeninde bolup geçýän alyş-çalyş hadysalarynyň işjeňleşmeginde, deri öýjükleriniň we buýnuz gatlaklarynyň täzelenmeginde, öýjükleriň ýagdaýynyň gowulanmagynda peýdalydyr. Deňiz suwuna düşen adam özüni rahat, ýeňil, sagdyn duýýar, onuň keýpi ýokarlanýar, şähdi açylýar. Minerallara we mikroelementlere baý deňiz suwy bogun agyryly näsaglar üçin peýdalydyr.

Siz ýüzmegi öwrendiňizmi?

Çagalar üçin ýatdan çykmajak pursatlaryň biri-de tomusky dynç alyş döwrüdir. Häzir olaryň ençemesi Gökderäniň salkyn jülgelerindäki sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde, gözel «Awazanyň» goýnunda, bagy-bossanly oba-kentlerimizde dynç alýarlar. Kitap okamak, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak olaryň esasy güýmenjeleriniň biridir. Gün, suw, çäge — bular tomsuň aýrylmaz bölegidir. Suwa düşmegiň ilkinji şertleriniň biri ýüzüp bilmeklikdir. Çagalary özbaşdak suwa düşmäge goýberip bolmaz, emma öz gözegçiligiňizde ol ýere alyp gitseňiz, olara ýatdan çykmajak dynç alşy sowgat etdigiňiz bolar.

Ýiti gün şöhlesinden goranyň!

Gün şöhlesi, arassa howa ynsan saglygyna örän peýdaly. Gün şöhlesi ýerlikli peýdalanylanda, bedeniň kesellere garşy göreş ulgamyny pugtalandyrýar. Emma Gün şöhlesiniň aşagynda uzak wagtlap durulmagy, gezilmegi, işlenilmegi bedende dürli bozulmalaryň ýüze çykmagyna getirýär. Halk arasynda: «Meni Gün uraýypdyr öýdýän, kelläm gaty agyrýar» diýýän adamlara duşmak bolýar. Gün urmak — bu aşa yssy günlerde Gün şöhlesiniň täsiri netijesinde, beýnä zeper ýetmegidir. Howanyň gyzmagy bedeniň öte gyzmagyna getirýär we merkezi nerw ulgamyna zyýanly täsir edýär. Günüň gyzmagy netijesinde, adamlaryň deri örtügi gyzaryp guraklaşýar we ýadawlyk, kellagyry, başaýlanma, mejalsyzlyk, aýaklarda agyry, kähalatlarda gaýtarmak, ýüregiň çalt urmasy, huşuňy ýitirmek, uka meýillilik, gulak şaňlamasy ýaly alamatlar ýüze çykýar. Bedeniň gyzgyny ýokarlanýar. Wagtynda kömek berilmese, näsagyň ýagdaýynyň agyrlaşmagy mümkin.

Paýtagtymyzda Halkara ýoga güni geçirildi

Düýn, 21-nji iýunda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde Halkara ýoga güni mynasybetli çäre geçirildi. Hindistanyň ýurdumyzdaky ilçihanasy tarapyndan guralan çäräniň başynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri hem-de Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bütin halky halkara ýoga güni bilen gutladylar. Geçirilen çäräniň çäginde oňa gatnaşanlar ir säher bilen tälimçiniň ussat sapaklary esasynda Olimpiýa stadionynda açyk asmanyň astynda ýoga maşklary ýerine ýetirildi.

Gün şöhlesinden goranyň!

Gün şöhlesi bedeniň immunitetini pugtalandyrýar, ganaýlanyşy gowulandyrýar, beden öýjüklerinde süňkler we dişler üçin peýdaly D witamininiň işlenip çykarylmagyna itergi berýär. Şeýle-de bolsa howanyň juda gyzýan wagtynda Günüň astynda durmagyň saglyga uly zyýan ýetirip biljekdigini hem unutmaly däl. Sebäbi Günüň ultramelewşe şöhlesi peýdaly bolsa-da, infragyzyl şöhlesi deriniň ýanmagyna, hatda deriniň howply täze döremeleriniň emele gelmegine-de getirip bilýär. Munuň öňüni almak üçin käbir düzgünleri berjaý etmek maslahat berilýär. ● Irden sagat 09-dan soň, öýlän sagat 18-e çenli Günüň aşagynda köp durmak maslahat berilmeýär.

Yssy howada

Howanyň çendenaşa gyzmagy adam bedeninde dürli näsazlyklaryň ýüze çykmagyna getirip biler. Elbetde, Gün şöhlesi ynsan saglygy üçin juda derwaýys D witamine baýdyr. Gün şöhlesi çagalar üçin hem, uly adamlar üçin hem zerurdyr. Beden üçin gerek bolan Gün şöhlesi kabul edilmese, adamda keýpsizligiň, ukynyň bozulmagynyň we gaharjaňlygyň ýüze çykmagyna getirýär. Ýöne Gün şöhlesiniň dowamly täsiriniň bedene örän uly zyýan ýetirip biljekdigini hem unutmaly däldir. Bedene gerek bolan D witaminiň mukdaryny almak üçin ýaş çaga her gün irden sagat 09:00-a çenli, agşam sagat 18:00-dan soň 15 — 20 minut gezelenç etmek ýeterlikdir. Paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda, Gün urmadan goranmak üçin ak, açyk reňkli egin-eşik, başgap geýmek, şeýle-de gözleriňe Gün şöhlesinden goraýjy äýnekleri dakynmak we bedendäki suwuň deňagramlylygyny saklamak möhümdir. Howanyň aşa gyzmagy bilen suwuklygyň der üsti bilen köp mukdarda bölünip çykmagy netijesinde, bedendäki deňagramlyk bozulyp, gan goýulaşyp bilýär. Munuň özi insult we infarkt keselleriniň ýüze çykmagyna getirip biler. Arassa agyz suwy talabalaýyk içilende, bedeniň kesele garşy göreşijilik ukyby ýokarlanyp, howa şertleriniň üýtgäp durmagy zerarly ýüze çykýan näsazlyklardan goraýar. Lukmanlar adama günüň dowamynda 2-3 litr suw içmegi maslahat berýärler. Yssy howada suwy köpräk içmek peýdalydyr.

Lukmançylyk klasteri — «akylly» şäheriň önümçilik mümkinçilikleriniň nusgasy

Arkadag şäheri — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny görkezýän şäher. Ol öz tebigy gözelligi bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şan-şöhratyny dabaralandyrýar. Bu şäher Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Garaşsyz Watanymyzyň, her bir raýatyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrundaky beýik işleriniň dowamat-dowam bolýan mekanydyr. Geçen ýylyň 29-njy iýunynda Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynda binalardyr desgalaryň 336-sy, şol sanda ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlary, dünýäniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi, hassahanalar, orta mekdepler, çagalar baglary, edara binalary, inženerçilik ulgamlarydyr beýleki möhüm ähmiýetli desgalar ulanmaga berildi. Onuň ikinji tapgyrynda bolsa, esasan, önümçilik desgalaryny gurmak, lukmançylyk klasterini döretmek meýilleşdirilýär. Milli Liderimiz Arkadag şäherine ýygy-ýygydan iş saparlaryny amala aşyryp, bu ýerde önümçilik desgalarynyň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işler bilen yzygiderli tanyşýar. Şu ýylyň 8-nji iýunyndaky iş saparynyň dowamynda-da türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet ähmiýetli şäheriň ikinji tapgyrynda lukmançylyk klasterini döretmek meselesine aýratyn ünsi çekdi. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň tekliplerinden ugur alny

Saglygyň gadryny bilgil...

- Tomus paslynda şöhlat önümlerini we beýleki tiz zaýalanýan önümleri ürç edip iýmeklikden saklanyň. - Kakadylan miweleri maşgala lukmanyňyz bilen maslahatlaşyp kabul ediň, olaryň mikroelementlere baý önümlerdigini unutmaň.