Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň çagalary, sözüň doly manysynda, bagtly nesildir. Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda geçirilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisinde ösüp gelýän nesilleri, howandarlyga mätäç çagalary durmuş taýdan goldamak, olaryň saglygyny dikeltmäge ýardam bermek, bagtyýar ýaşamaklary üçin amatly şertleri döretmek barada eden taryhy çykyşy bizde uly täsir galdyrdy.
Gahryman Arkadagymyzyň degişli düzümleriň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynda hem ýurdumyzda ylym-bilimi hemmetaraplaýyn ösdürmek we ýaşlaryň şöhratly taryhymyza, milli mirasymyza bolan gyzyklanmalaryny artdyrmak bilen bagly meselä aýratyn üns çekildi. Şundan ugur alnyp, güneşli Diýarymyzda saglygy goraýyş, bilim ulgamlaryna degişli täzelikler barha artýar, häzirkizaman enjamlary bilen üpjün edilen bilim we terbiýeçilik edaralary, saglygy goraýyş merkezleri giň gerimde gurlup, ulanylmaga berilýär. Bu bolsa ýaşlara dünýä derejesinde bilim almaga, bedenlerini berkitmäge, saglygyny dikeltmäge mümkinçilik döredýär. Biz hormatly Prezidentimiziň giň gözýetimli ýaş nesli kemala getirmek babatda öňümizde goýan wezipelerinden ugur alyp, ýaşlarda raýat jogapkärçiligini we zähmete söýgini ösdürýäris. Olaryň öz hukugyny goramak başarnyklaryny ýokarlandyryp, jemgyýetçilik birleşmelerine işjeň gatnaşmaklaryny üpjün edýäris. Giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleriň neslini kemala getirmek biziň alyp barýan işlerimiziň esasy maksady bolup durýar. Bilim ojagymyzda ýaşlaryň dünýä dillerini düýpli öwrenmekleri, edebiýat we sungat bilen giňden meşgullanmaklary üçin hem ähli şertler döredilip, döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär.