"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Saglygy goraýyş ulgamynyň nobatdaky üstünligi

«Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasyna hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasy berildi Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygynyň giňden bellenilen gününde — 29-njy iýunda «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasyna Türkmenistanyň sertifikatlaşdyryş ulgamy tarapyndan hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasy berildi.

Yssy howada özüňizi goraň!

Şu günler howanyň aşa gyzmagy saglyk ýagdaýymyza has ünsli bolmagy talap edýär ■ Tomus paslynyň dowam edýän günlerinde Gün urma hadysalarynyň, döräp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator-ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda geýniň!

Deňiz suwunyň saglyga peýdasy

Tomus paslynyň gelmegi bilen adamlar deňziň ýakasynda dynç almagy halaýar. Aslynda, deňiz suwy ynsan saglygy üçin örän peýdalydyr. Suw, howa, nurly Günüň şöhlesi bitewülikde saglygyňy berkidýär, ýadawlygy aýyrýar, nerw ulgamynyň işjeňligini kadalaşdyrýar, beden üçin peýdaly D witamininiň emele gelmegine ýardam edýär. Bu witamin bedende kalsiý alyş-çalşygyny sazlaýar, süňkleri berkidýär.

“Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasyna hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasy berildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen bina edilen Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygynyň giňden bellenilýän gününde “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasyna Türkmenistanyň sertifikatlaşdyryş ulgamy tarapyndan hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasy berildi. Bu güwänama “Hil menejmentiniň ulgamy” diýen ugur boýunça önümleriň hil ulgamynyň TDS ISO 9001-iň bellenen talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýar. Munuň özi kärhananyň öndürýän önümleriniň hil görkezijileri, şol sanda lukmançylyk ulgamyna degişli hil görkezijileri babatda ýokary talaplara laýyk gelýändigine şaýatlyk edýär. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň ýolbaşçylyk etmeginde işlenip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.

Saglyk maksatly, ekologik taýdan arassa önümler

Tebigatyň gözel künjeginde ýerleşýän Arkadag şäheriniň çägindäki arassa dag çeşmeleriniň suwunyň ynsan saglygy üçin ýaramlylygy, bu künjekde ösýän dermanlyk ösümliklerden alynýan, ekologik taýdan arassa çig maldan öndürilýän ýokary hilli önümler Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan ugur alnyp, ýurdumyzyň lukmançylyk edaralary üçin ekologik taýdan arassa, halkara hil görkezijilerine laýyk gelýän, ýerli çig mallardan öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmak hem-de saglygy goraýyş edaralarynyň degişli serişdelere bolan islegini kanagatlandyrmak maksady bilen, Arkadag şäherinde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy döredildi. Kärhanada saglygy goraýyş ulgamynda gündelik ulanylýan lukmançylyk serişdeleriniň dürli görnüşlerini, ýokary ekologik talaplara laýyk gelýän pamyklary, dokalmadyk matadan taýýarlanan bir gezeklik agyz-burun örtüklerini, başgaplary, halatlary, ýorgan-düşek daşlyklaryny, aýakgap örtüklerini we beýleki saglyk maksatly serişdeleri öndürmek ýola goýuldy.

Deňiz suwunyň peýdasy

Zähmet rugsadyny gyzykly we peýdaly geçirip, täze güýç bilen ýene-de işe başlamak peýdalydyr. Ýokary hilli lukmançylyk hyzmaty ýola goýlan ýurdumyzyň şypahanalarynda saglygyňy dikeltmekde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç almakda ähli mümkinçilikler döredilendir. Deňiz suwunda ýod köp bolup, ol beýniniň funksiýasyny işjeňleşdirmäge, ýatkeşligi galkan şekilli mäziň işini gowulandyrmaga ýardam berýär. Deňziň kenarynda 15-20 günläp dynç alnanda, bedeniň ýod bilen üpjünçiligi 35 göterim ýokarlanýar.

Gün şöhlesinden goranyň!

«7/24. tm» №27 (214), 01.07.2024 Be­ýik akyl­dar Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň «Sag­ly­gyň gad­ry­ny bil­gil, has­ta bol­mas­dan bu­run...» di­ýip nyg­taý­şy ýa­ly:

Sagdyn dişler – ýylgyryşyň bezegi

Adam saglygy şahsy arassaçylyk bilen gönüden-göni baglydyr. Şahsy arassaçylyga dişleriň sagdynlygy, agyz boşlugynyň arassalygy hem degişlidir. Dişleriň sagdyn bolmagy käbir keselleriň döremeginiň öňüni alýar. Dişiň arassaçylygyna seredilmedik ýagdaýynda dürli nähoşluklar ýüze çykyp bilýär. Dişiň çüýremeginiň öňüni almagyň iň täsirli ýoly ony wagtly-wagtynda arassalamakdan ybaratdyr. Dişi wagtly-wagtynda ýuwmagyň ähmiýetli bolşy ýaly, öz ýaşyňyza görä diş pastasyny we çotgasyny saýlamak hem ähmiýetlidir. Lukmanlar islendik ftorly diş pastasynyň ulanylyp bilinjekdigini belleýärler. Esasy zat dişi bolmalysy ýaly çotgalamaga üns bermeli. Dişi çotgalamagy kiçilikden endik edinmek ulalansoň hem dişiňiziň saglygyny goramaga ýardam eder.

Alkyş size Arkadag

Saýat etrap hassahanasynda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan özgertmelere we möhüm ulgamyň hukuk esaslarynyň kämilleşdirilýändigine bagyşlanylyp, dabaraly çäre geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe adam hakda edilýän aladanyň günsaýyn güýçlendirilýändigini dabaraly çärede çykyş edenler aýratyn nygtadylar. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen halkymyzyň saglygyny goramakda giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigine üns çekildi. Diňe bir biziň welaýatymyzda häzirkizaman saglygy goraýyş ulgamynyň talaplaryna doly kybap gelýän döwrebap hassahanalaryň, saglyk merkezleriniň birnäçesi gurlup, ulanylmaga berildi. Ynha, şu durky täzelenilen hassahana hem şol ajaýyp desgalaryň biridir. Döwrebap hassahananyň hyzmat edip ugramagy etrabyň tutuş ilatynyň ruhuny iňňän ýokary galdyrýar. Iň kämil lukmançylyk enjamlary bilen gurnalan hassahanany gurup berendigi üçin etrabyň ýaşaýjylary Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize alkyş baryny aýdýarlar. Çykyşlarda ynsan saglygynyň goraglylygyny güýçlendirmekde, ilata ýokary hilli lukmançylyk hyzmatyny ýola goýmakda, milli lukmançylygy dünýä ülňülerine laýyklykda ösdürmekde gazanylýan guwandyryjy netijeleriň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başlangyjy goýlup, Arkadagly Gahryman Ser

Sagdyn durmuş wagyz edildi

Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Etrek etrap geňeşi hem-de etrap hassahanasy bilen bilelikde guran çärämiz «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýlip atlandyryldy. Onda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe  ýurdumyzda ynsan saglygyny goramakda we berkitmekde, bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde, ýaş nesilleriň berk bedenli, edep-terbiýeli, arassa ahlakly kemala gelmekleri ugrunda uly işleriň amala aşyrylýandygy dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler. Halkymyzyň saglygyny goramakda beýik işleriň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Gün şöhlesinden dogry peýdalanmak

Gün şöhlesiniň, seleň howanyň, dury, arassa suwuň adam saglygy üçin peýdasynyň örän uludygy hemmä mälimdir. Ýöne Günüň aşagynda uzak gezilmegi, durulmagy, işlenilmegi adamyň saglyk ýagdaýyna ýaramaz täsir edip biler. Gün urmasy ýüze çykan ýagdaýynda, bedeniň deri örtügi gyzarýar, guraksylanýar, ýadawlyk, kellagyry, baş aýlanma, mejalsyzlyk, aýaklarda agyry, kähalatlarda gaýtarmak, ýüregiň çalt urmagy, huş ýitirmek, uka meýillilik, gulaklaryň şaňlamasy ýaly hadysalar ýüze çykýar. Bedeniň gyzgyny ýokarlanýar. Öz wagtynda kömek edilmese, ýagdaýyň has-da agyrlaşyp, gaýraüzülmelere getirmegi mümkin.

Gün­den go­ra­na­lyň!

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Bi­ler­men­le­riň bel­le­me­gi­ne gö­rä, Gün şöh­le­si­niň gyz­gyn­ly­gy ýyl-ýyl­dan ar­typ, bu ýag­daý, aý­ra­ty­nam, Gün şöh­le­si­niň ýi­ti we dik düş­ýan möw­sü­mi bo­lan to­mus pas­lyn­da has-da güýjeýär. Dog­ry ka­bul edi­len­de, D wi­ta­mi­niň çeş­me­si bo­lan Gün şöh­le­si­niň muk­da­ry art­sa, adam be­de­ni­ne ýa­ra­maz tä­sir edip, jöw­za­ly ys­sy­da Gün ur­ma ha­dy­sa­sy­nyň ýü­ze çyk­ma­gy­na se­bäp bo­lup bil­ýär. Mu­nuň öňü­ni al­mak üçin bol­sa Gün­den go­ran­mak ze­rur­dyr.

Aý­dym-saz we sag­lyk

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Adam aý­dym diň­lä­nin­de beý­ni­si iş­jeň­leş­ýär. Aý­dym-saz diň­le­mek ar­ka­ly ada­myň akyl we be­den sag­ly­gy go­wu­la­şar.

Derde melhem şypahana

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alym, lukman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa ornaşdyrmak, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak hem-de keselleriň öňüni almak wezipesi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu babatda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hereket edýän şypahanalaryň ähmiýeti örän uludyr. Häzirki ajaýyp döwrümizde döwrebap, ähli amatlyklary bolan şypahanalar ynsan saglygyny dikeltmekde aýratyn orny eýeleýär.

«Saglygyň gadryny bilgil...»

Arkadagyň saglyk sahawaty

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda jemgyýetimiziň iň gymmatly baýlygy bolan adamyň saglygyny goramakda saglygy goraýyş ulgamynda möhüm işler üstünlikli amala aşyrylýar. Dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, öňdebaryjy lukmançylyk tehnikalary bilen üpjün edilen, häzirki zaman saglyk merkezlerinde halkymyzyň saglygyny dikeltmek we dynç almak üçin ähli mümkinçilikler döredilen. Ýurdumyzda çagalaryň sazlaşykly ösüşini ýola goýmak hem-de saglygyny goramak we berkitmek ugrunda döwlet tarapyndan yzygiderli alada edilýär, bu ýörelgeler durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. 2021-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmekligine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Onuň döredilen gününden şu güne çenli gaznanyň hasabyna ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň çäginde ençeme haýyr-sahawat we ynsanperwer işler ýerine ýetirildi.

Gün şöhlesiniň täsiri

Gün şöhlesi bedeniň immun ulgamyny pugtalandyrýar, ganaýlanyşy gowulandyrýar, beden öýjüklerinde süňkler we dişler üçin peýdaly D witamininiň işlenilip çykarylmagyna ýardam edýär. Şeýle-de bolsa, howanyň juda gyzýan wagtynda Günüň astynda uzak wagtlap ýöremegiň saglyga uly zyýan ýetirip biljekdigini hem unutmaly däl. Sebäbi Günüň şöhlesi peýdaly bolsa-da, infragyzyl şöhlesi deriniň ýanmagyna, hatda deriniň howply täze döremeleriniň emele gelmegine-de getirip bilýär. Munuň öňüni almak üçin käbir düzgünleri pugta berjaý etmek maslahat berilýär. • Tomusda irden sagat 09:00-dan soň, öýlän sagat 18:00-a çenli Günüň aşagynda köp durmak maslahat berilmeýär.

Sahawatyň dünýä aýan, Arkadag!

Güneşli Diýarymyzda ýaş nesliň nurana geljegi baradaky alada halkymyzyň belent ynsanperwerlik ýörelgelerine laýyklykda alnyp barylýar. Elbetde, bu asylly ýol-ýörelgäniň sakasy bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesle bolan mähir-muhabbetinden gözbaş alýar. «Halkyň saglygy diňe bir ýurduň baş baýlygy bolman, eýsem, türkmenistanlylaryň geljek nesilleriniň bagtyýar durmuşynyň hem berk binýadydyr» diýip belleýän Milli Liderimiz ýurdumyzyň ýagty geljegi ugrunda dünýä nusgalyk işleri alyp barýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesliň, esasan hem, çagalaryň bagtyýarlygy we saglygy ugrunda edýän taýsyz tagallalary olaryň ykballaryna sowulmajak bagty bagyşlaýar. Bu hakykata biz — lukmanlar her gün iş pursadymyzda şaýat bolýarys. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda 2021-nji ýylyň mart aýynda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi birnäçe maşgalalary bagtyýarlyga besledi. Lukman Arkadagymyzyň adyny göterýän gaznanyň serişdeleriniň hasabyna çagalaryň saglygynyň dikeldilýändigine, olaryň hossarlarynyň bolsa mähriban Arkadagymyza alkyşlarynyň tükeniksizdigine her gün, her pursatda şaýat bolýarys. Çünki Milli Liderimiz howandarlyga mätäç çagalaryň arkasynda dag ýaly durup, körpelere we olaryň maşgalasyna saglyk, bagt paýlaýar. Bu gaznanyň hasabyna ýurdumyzda ýüzlerçe çagalara operasiýalar, ýokary derejeli bejeriş-sagaldyş işler

Gün urmadan ägä boluň!

Tomus paslynyň yssy günlerinde saglyk üçin zyýanly ýagdaýlaryň — Gün urmanyň ýüze çykýan halatlary duş gelýär. Gün urma adam üçin howpludyr. Ol, köplenç, uzak wagtlap yssy howada Günüň ýiti şöhlesiniň adama göni täsir etmegi zerarly ýüze çykýar. Käbir ýagdaýlarda Gün şöhlesiniň bedene güýçli täsiriniň netijesinde, näsagda huş ýitirme ýagdaýynyň ýüze çykmagy hem mümkin. Gün urma ýüze çykanda näsagy salkyn jaýa ýa-da Gün düşmeýän salkyn kölegä geçirmeli. Daşky egin-eşigini çykarmaly. Kellesiniň, aýaklarynyň aşagyna ýumşak zat goýup, ýatyrmaly. Näsaga köp mukdarda arassa ýa-da mineral suw, ýuwan çaý, az-kem şeker ýa-da duz goşulan suw bermeli. Näsagyň ýüzüni, boýunlaryny sowuk suwda ezilen hasa bilen süpürmeli. Maňlaýyna, ýeňsesine sowuk suwda ezilen hasa goýmaly. Dem alşynyň erkin we rahat bolmagy üçin arassa, çygly howa akymy bilen üpjün etmeli — ýelpemeli. Eger-de ýagdaýy agyr, huşundan gitme alamatlary bar bolsa tizden-tiz lukman çagyrmaly. Lukman gelýänçä ýürek bulanma ýagdaýlary ýüze çyksa, dem alyş ýollaryny arassalamaly, näsagy gapdala ýatyrmaly.

Tomus pasly üçin maslahatlar

Tomus paslynda howanyň gyzgynlylygynyň derejesi ýokarlanýar. Günüň ýiti şöhlesi saglyga ýaramaz täsir edip, ysgynsyzlyga, bedeniň suwuklyk derejesiniň peselmegine, deriniň guramagyna getirýär. Şol sebäpli tomsuna dogry iýmitlenmek we möwsüme görä egin-eşikleri saýlamak esasy şertleriň biri bolup durýar. Şeýle-de tomus günlerinde şu aşakdaky düzgünlere eýermeklik maslahat berilýär. — Gün şöhlesinden dogry peýdalanmak üçin irden sagat 10.00-a çenli, öýlän 18.00-dan soň arassa howada gezelenç etmeli.