Ynsan gözellikleriniň biri saçlarymyzdyr. Olaryň sagdyn, owadan bolmagy üçin dogry ideg etmek gerek.
Häzirki wagtda kosmetiki serişdeleriň kämilleşmegi bilen şampun, sabyn, balzam, losýon ýaly önümleri ulanýarys. Ýöne ene-mamalarymyzdan gelýän öý şertlerindäki saç ideglerini ulanmak hem saçlarymyza örän gowy täsir edýär we olaryň gür, owadan bolmagyna ýardam berýär. Ene-mamalarymyz gadymdan bäri gatyga, süzmä saçlaryny ýuwupdyrlar. Gatyk, esasan-da, gyş paslynda saça ideg etmekde iň köp ulanylýan peýdaly serişdeleriň biridir. Çünki ol B we E ýokumlaryna, beloklara, kalsiýa hem-de beýleki ýokumly maddalara diýseň baýdyr. Bu ýokumlar bolsa saçy iýmitlendirmek bilen, olaryň gür we lowurdap durmagyna getirýär.