Diýarymyzda innowasiýany ösdürmek milli ykdysadyýetimizi has ýokary ösüş derejesine getirmek bilen baglydyr. Innowasion ykdysadyýetiň maksady meseleleri, ugurlary täze önümleri öndürmegiň tehnologiýasyny işläp düzmäge hem-de ylmy, bilimi jemgyýetiň ähli hyzmat ediş çäklerinde ulanmaga gönükdirilendir. Ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ösmek, ylmy barlaglary geçirmek we olaryň netijelerini önümçilige ornaşdyrmak ylmy-tehniki ösüşiň esasyny kesgitleýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamynda giň gerimli, toplumlaýyn özgertmeler durmuşa geçirilýär. Ylmy-barlag işlerini döwrebap alyp barmak üçin ylmy institutlaryň we ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar. Olarda ylmy-barlag işlerini alyp barmaga, işgärleri taýýarlamaga hem-de ýaşlary ylmy döredijilige işjeň çekmäge giň mümkinçilikler bar.