Halkymyz öý guşlary bolan towugy ýedi hazynanyň biri hasaplaýar. Şonuň üçin oba ýerlerinde hojalygynda öý guşlaryny saklaýan, olara ideg edýän maşgalalar örän köp. Çünki guşçulyk biziň ýurdumyzda iň girdejili pudaklaryň biridir. Ilatyň guş etine we ýumurtga bolan islegini kanagatlandyrmakda ýörite guşçulyk toplumlarynyň ylmy-tejribä esaslanyp alyp barýan işleri özüniň oňyn netijesini berýär.
Bereketli türkmen saçagynda towuk etinden we towuk ýumurtgasyndan gündelik taýýarlanylýan tagamlar ýokary derejedäki ýokumlylygy we lezzetliligi bilen tapawutlanýar. Ýöriteleşdirilen guşçulyk toplumlarynda bolsa ýumurtga ugurly guşlar ösdürilip ýetişdirilende, olaryň talabalaýyk iýmitlendirilmegine uly üns berilýär. Munuň üçin adaty guş iýmlerine ýörite iýmlik goşundylary goşmak zerur hasaplanylýar. Bu bolsa ýumurtga berýän towuklaryň sagdyn, ýumurtgalaryň ýokumlylygynyň we hiliniň ýokary bolmagyna oňyn täsirini ýetirýär.