Pederlerimizden miras bolup gelýän ene dilimizi ylmy taýdan öwrenmek, dünýä dillerine uly üns bermek möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda uly tagallalar edilýär. Ýaş nesillerimiziň aň-bilim derejesini ýokarlandyrmakda ene dilimiziň we dünýä dilleriniň orny uly bolup durýar. Çaganyň sagdyn pikirlenmeginde ilki bilen ene dilini kämil, many-mazmunly bilmegi esasy şertleriň biridir. Şeýle hem ylym-bilimi özleşdirmek, dünýäniň ylym giňişligine aralaşmak üçin daşary ýurt dillerini bilmek zerurlygy ýüze çykýar. Ynha, şu aýdylanlardan görnüşi ýaly, dil bilmek kämilligiň gözbaşy hasaplanýar.
Dil ynsanyň pikirlenişiniň, dünýägaraýşynyň beýany bolup durýar. Islendik halkyň dünýägaraýşyny öwrenmek üçin, ilki bilen onuň dilini öwrenýärler, çünki dil adamyň pikiri, aňy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şonuň üçin hem, halkyň aň-düşünjesiniň, ylmy garaýşynyň ösmegi bilen dil hem ösýär, kämilleşýär, baýlaşýar. Häzirki döwürde hem ene dilimiziň barha baýlaşýandygyny görmek bolýar. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň ylym-bilimi ösdürmek, ýaşlary giň dünýägaraýyşly adamlar edip ýetişdirmek babatda alyp barýan oňyn syýasatynyň esasynda hem aýdyň ýüze çykýar.