Her bir ýurduň kuwwaty onuň ösüp gelýän ýaş nesli bilen kesgitlenilýär. Biziň ýurdumyzda hem ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, saýlap alan hünärini kämilleşdirmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, sagdyn, bilimli ýaşlar ýurdumyzyň röwşen geljeginiň kepilidir. Wladimir Nabokowyň «Ýaşalan günlere däl, ýatda galan günlere ömür diýilýär» diýen ajaýyp sözleri bar. Ýatda galyjy pursatlaryň biri, ýagny bagtyýar talyp hökmünde
Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda döwlet ýaşlar syýasatynyň, bu ulgamda milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň ileri tutulýan meselelerine bagyşlanan maslahatyna gatnaşmak talyplar üçin çäksiz bagt, uly mertebedir. Maslahatda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek baradaky teklibiň orta atylmagy we talyplaryň hem pikirleriniň makullanmagy ýurdumyzda ýaşlaryň eýeleýän ornunyň ýokarydygynyň subutnamasydyr.