«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ylmyň we innowasion tehnologiýalaryň esasynda milli önümçiligi düýpli döwrebaplaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Şunda ylmy-innowasion çözgütlere aýratyn orun berilýär. Bu babatda häzirki wagtda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Analitiki himiýa», «Organiki däl maddalaryň tehnologiýasy», «Ýer gurluşy, ýerleriň kadastry we monitoringi», «Geoinformatika», «Geoekologiýa», «Biotehnologiýa (şol sanda bionanotehnologiýa)», «Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän görnüşleriniň esasyndaky energogurnawlar», «Ulgamlaýyn seljerme, informasiýany dolandyrmak we işlemek» ýaly hünärler boýunça 9 aspirant, 4 ylymlaryň kandidaty we 2 sany doktorlyk derejesine dalaşgärler taýýarlanylýar.
Merkezde täze innowasion infrastrukturany döretmek maksady bilen, Tehnologiýalaryň transfer merkezi döredildi. Transfer merkezine ylmy-barlaglaryň netijelerini täjirleşdirmegiň mümkinçiliklerine baha bermek, onuň strategiýasyny işläp düzmek, ylmy-barlag we tejribe-konstruktorçylyk işlerini önümçilige ornaşdyrmak, intellektual eýeçilikden peýdalanmak hukugyny geçirmek, startaplary döretmek, maýa goýumlary çekmek, işewürlik inkubatorlary arkaly ýurdumyzda ylym bilen önümçiligi utgaşdyrmak boýunça möhüm işler alnyp barylýar.