Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda uly üstünlikler gazanylýar. Eziz Diýarymyzda okamak, öwrenmek, döretmek we netijeli işlemek üçin döredilen ajaýyp mümkinçiliklerden ruhlanýan Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary üçin hem 2022-nji ýylyň 9-njy iýuny ýatdan çykmajak pursatlara öwrülip, institutymyzyň taryh sahypasyna altyn harplar bilen ýazyldy. Şol gün biziň institutymyza Gahryman Arkadagymyzyň gadamy düşdi. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Gahryman Arkadagymyzyň Lebap welaýatyna saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň iň baýry ylym ojaklarynyň biri hasaplanýan Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna gelip, döwrebap bilim almak üçin döredilen şertler bilen tanyşmagy we talyplara häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna laýyklykda, döwrebap ylym-bilim berýän professor-mugallymlardyr ýürekleri hyjuwly we joşgunly, ylma-bilime höwesli we giň dünýägaraýyşly zehinli talyp ýaşlar bilen duşuşmagy ählimiziň göwnümizi galkyndyrdy.
Geçmişe ser salanyňda-da mugallymçylyk käriniň her bir jemgyýetde iň bir asylly kär hasaplanandygy we gadyr-gymmatynyň asla peselmeýändigi taryhy hakykatdyr. Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri ýaş nesliň sazlaşykly ösmegini, mynasyp terbiýe almagyny we watansöýüji ynsanlar bolup ýetişmegini ilkinji derejeli wezipeleriň hatarynda goýupdyr. Görnükli söz ussatlarymyz, alymlarymyz we taryhy şahsyýetlerimiz terbiýe bilen baglanyşykly, gymmaty asla egsilmeýän, pikirleri asla könelmeýän edebi we ebedi mirasy galdyrypdyrlar. Gahryman Arkadagymyz hem professor-mugallymlar we talyp ýaşlar bilen duşuşygynda mugallymçylyk käriniň asylly we şol bir wagtyň özünde örän uly jogapkärli kärdigini belläp, talyplaryň institutda öwredilýän dersleri ürç edip okap, öwrenip, geljekde ýurdumyzyň kuwwatyna kuwwat goşup biljek zehinli ýaşlary terbiýelemekde we bilim bermekde kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri barada nygtady. Hut hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen biziň institutymyzda häzirki zaman mugallymçylyk ylmyny kämilleşdirmäge degişli işleriň ýaýbaňlanmagy, okatmak işine sanly tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylmagy, okuw dersleri bilen bagly maksatnamalaryň kämilleşdirilip, döwrebaplaşdyrylmagy aýratyn bellärliklidir.