Kiberhowpsuzlyk — goraglylyk binýadynyň mizemezligi

11 Noýabr 2021
2610

Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt, umumadamzat bähbitli döwlet maksatnamalary, ilkinji nobatda, halkymyzyň, şeýle-de dünýä jemgyýetçiliginiň agzybirlikde bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda amala aşyrylýan ynsanperwer durmuş-ykdysady özgertmeleriň netijesinde, ýurdumyzyň intellektual kuwwatlylygynyň has-da berkeýändigine, Watanymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarylýandygyna durmuşa geçirilýän döwlet bähbitli işler aýdyň şaýatlyk edýär.

Ýokary tehnologiýalaryň ulanylýan döwründe dünýä jemgyýetçiliginde sanly ulgamy ornaşdyrmak ösüşiň esasy şertleriniň biridir. Şol nukdaýnazardan, häzirki wagtda ýurdumyzyň bank ulgamynda sanly ulgama geçilip, wagty tygşytlamak bilen birlikde, raýatlara halkara derejede hyzmat etmek mümkinçilikleri giňeldi we talabalaýyk iş öndürijiliginiň artmagy gazanyldy. Has dogrusy, sanlylaşdyrmak işleri hereket edip, ykdysadyýetimizde möhüm ädimler we iri meýilnamalar amala aşyryldy.

Rahym HOMMAÝEW,
Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankynyň howpsuzlyk bölüminiň ýörite iş boýunça baş hünärmeni.