Nebit çykarmagyň mehanizmleşen usullary barada

1 Noýabr 2021
2714

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda)

Goturdepede we Barsagelmezde guýularyň özboluşly ulanyş şertlerini nazarda tutup, «Tatneft» kompaniýasynyň mehaniki garyndylara çydamlylygy bilen tapawutlanýan УВНН-5, УЭЦНИ-5, ВНН-5, ЭЦНМ-5 kysymly döwrebap enjamlaşdyrylan elektrik merkeze ymtylyş sorujylary indi birnäçe ýyl bäri bu känlerde peýdalanylýar. Bu sorujylar guýynyň içine diametri 2,5 dýuým göteriji turbalaryň aşaky ujuna çatylyp goýberilýär. Bu usula geçirilen guýularyň köpüsi nebitiniň düzüminde suwy köp bolan ýa-da dürli sebäplere görä wagtlaýyn hereket etmeýän guýulardyr. Olar ulanyşa girizilenden soň birnäçe aýlap ýa-da bir ýyla golaý abatlanman işleýärler. Olaryň durnukly işlemeklerini çäklendirýän beýleki usullara mahsus bolan faktorlar — çykarýan suwuklygynyň düzüminde kadadan köp ergin gazyň we mehaniki garyndylaryň (çägäniň, duzuň we ş.m.) bolmagydyr.

Weýis AMANTAGANOW,
«Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň uly ylmy işgäri.