Ylym — kämillik we güýç-kuwwat

24 Mart 2021
2492

Ylmy we bilimi ösdürmek wezipesi islendik döwletiň pajarlap ösmeginiň esasy şertleriniň biri hasaplanylýar. Şoňa görä-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ylmy kuwwatyny yzygiderli artdyrmak, ylym ulgamynyň binýadyny berkitmek hem-de yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, ýokary tehnologiýalara, düýpli nazary ylymlara esaslanýan sanly ykdysadyýeti kemala getirmek babatda toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyz zehinli ýaşlary halkymyzyň buýsanjy hasaplap, güneşli Diýarymyzyň ylym-bilimde, durmuş ulgamynda ýokary derejelere ýetmegi ugrunda ähli şertleri döredýär, bu babatda ýaş nesliň gazanýan üstünliklerine guwanýar. Dünýä ylmynyň gazananlaryna we täze tehnologiýalara daýanyp, ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmeklige, ýokary derejeli ýaş hünärmenleri taýýarlamaklyga, zehinli ýaşlaryň ylma höwesini artdyrmaklyga gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi bizde uly buýsanç döredýär.

Ylym-bilim öwrenmek üçin alys menzilleriň müşgülliklerine döz gelen we rozugärini ekläp oturan guba düýesini köňül küýsegi bolan bir kitaba rowa gören ata-babalarymyzyň görüm-göreldesi hem bize ylym-bilimiň ähmiýetini doly açyp görkezýär.

Aýbölek REJEBOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.