Ylymly il ozar

7 Fewral 2021
2900

Mälim bolşy ýaly, döwletiň kuwwatlylygy onuň ylym derejesi bilen kesgitlenilýär. Ýurdumyzda ýaş nesliň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, kämil sowatly bolup ýetişmegi ugrunda edilýän aladalar öz miwesini berýär. Bu gün geljegiň kämil binýadyny ylym-bilimde görýän bagtyýar ýaşlarymyz dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary okuw mekdeplerinde bilim, ylym alyp, hormatly Prezidentimiziň ynamyna wepaly bolmaga çalyşýarlar.

Tehnologiýanyň ösýän döwründe sanly bilim ulgamynyň ornaşdyrylmagy bilen ýaşlar üçin uly mümkinçilikler açyldy. Häzirki wagtda sanly bilim ulgamy arkaly ýaşlara bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okatmagyň maksatnamalary peýdalanylyp, elektron kitaplar, şeýle-de uzak aralykdan bilim bermek ýaly usullar ulanylýar. Sanlylaşdyrmak milli ykdysadyýetimiz üçin döwrebap usul bolup, hil taýdan bilimiň kämilligini, netijeliligini artdyrýar.

Ýusup DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.