Sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip

17 sagat öň
15

Ýurdumyzyň raýatlarynyň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeginde nusgalyk görelde bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 19-njy dekabrda Içeri işler ministrliginiň Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumyny gurmak üçin meýilleşdirilýän ýere geldi we bu ýerde awtomobil sportunyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýe boljak binalar toplumynyň taslamalary bilen tanyşdy.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň awgustynda Milli Liderimiz Içeri işler ministrliginiň Awtomobil sport toplumynda bolup, onuň töwereginde döredilen ugurdaş desgalaryň, Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugyna degişli birnäçe binalaryň döredilendigini, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri, gullukçylary üçin ýaşaýyş jaýlarynyň gurlandygyny, bu ýerde medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmäge niýetlenen merkeziň hereket edýändigini, şol bir wagtyň özünde-de şähergurluşyk işleriniň dowam edýändigini aýdyp, Sport ulag merkeziniň binalar toplumyny bu ýerden göçürmek hem-de ony seleň ýerde gurmak bilen baglanyşykly meseleleri hemmetaraplaýyn öwrenmegi maslahat beripdi.

“Esger”.