Garly gün(oýlanma)

7 Ýanwar 2021
1393

Gyş! Aňzakly günleriň golaýlap gelýänini bildirmejek bolýan dek, sary reňke boýap çykan topragynyň ýakyn wagtda aýazdan goranmak üçin ak gary ýorgan edinmeli boljakdygyna özi günäkär ýaly, köňlüni gussadan dolduryp giden sarymeňiz güýz bilen hoşlaşanymyz ýaňy ýalydy. Ine, eýýäm şadyýan çagajyklaryň gülküleriniň has çasly ýaňlanmagyna sebäp bolan gyşyňam bir aýy yzda galypdyr. Bu ýyl-a gyşyň owadanlygy-da üýtgeşik. Körpejeleriň meýdanda garyň üstünde dürli oýunlary oýnap, şady-horram bolup ýörüşlerini guwanç bilen synlamagyň özi köňlüňi joşdurýar. Sähel eliňe galam alýan bolsaň, nämedir bir zatlar barada oýlanmaga mejbur edýär. Menem bu gün umumy ýaşaýyş jaýymyzyň penjiresinden daşaryny synlap durşuma, akja gar barada pikire çümenimi duýman galdym.

Dogrusy, ak garyň beýdip, uzak wagtlap topragy ýassanyp ýatanyny ýatlap ber diýseler, gürrüňim kän bir uzaga gider öýdemok. Sebäbi bular ýaly sowuk, garly gyşlaryň seýrek bolýandygyny ulularam aýdýarlar. Bize bolsa entek o diýen köp gyşy garşylamagam miýesser edenok. Ýöne täsinliginden, owadanlygyndan, şatlyk paýlamak ukybyndandyr-da, sähel wagtlyk myhman bolaýanda-da, gar özi barada süýjüje ýatlamalary goýmaga-ha ýetişýär. Menem şolar ýaly ýatlamalaryň birnäçesini kalbymda edil gymmatbaha monjuk kimin saklap ýörün...

Altyn MYRATDURDYÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.