Herekete — bereket

18 sagat öň
34

Doganlar Joraguly, Aşyrguly, Kadyr, Merýem Kerki etrabynyň Çekir geňeşliginiň Güýç obasynda limon ösdürip ýetişdirýän ussat bagbanlar hökmünde tanalýarlar. Bu işe ilki başlan doganlaryň ortanjysy etrap merkezi hassahanasynyň «Tiz kömek» bölüminiň lukmany Joraguly Saparow boldy. Ol mundan 20 ýyl ozal öz melleginde ýyladyşhana gurup, limon agajynyň 60 düýp nahalyny ösdürip ýetişdirdi. Işe höwesli ýigit bu ugurdan kitaplaryň ençemesiniň gatyny agdardy, limon ösdürip ýetişdirýän bagbanlaryň maslahatlaryny diňledi. Şeýdip, limon ösdürip ýetişdirmekde baý tejribe toplady, ondan bol hasyl aldy. Netijede her ýylky hojalyga gelýän girdeji barha artmak bilen boldy. Joraguly doganlaryna, goňşy-golamyna hem ýyladyşhana gurup, limon ekmekligi maslahat berdi. Olara limon ösdürip ýetişdirmegiň inçe syrlaryny öwredip, degerli maslahatlaryny berip durdy. Çekilen zähmet ýerine düşüp, doganlaryň yhlasy myrat tapdy.

Ýakynda biz Joragulynyň ýyladyşhanasynda bolup gördük. Ol inisi Aşyrguly bilen ýetişen limonlary ýygnap ýören eken. Daşarynyň çigrekligindenmi, bu ýeriniň ýyly howasy, limonlaryň ýakymly ysy birhili janyňa hoş ýakýar. Şahalardaky düzüm-düzüm limonlar göreniň gözüni dokundyryp, ruhuny göterýär. Doganlaryň ýüz-gözlerindäki begenç alamatlaryny mese-mälim duýmak bolýar. Olaryň çeken zähmetleriniň ýerine düşendigine buýsançlarynyň çägi ýok.

Öde GELDIÝEW.
Surata düşüren awtor.