Abdylla Şabendäniň döredijiligi üç asyr bäri türkmen edebiýatynyň we aňyýetiniň gymmatly baýlyklarynyň biri bolup durýar. Abdylla Şabendäniň «Gül-Bilbil» dessanynda yşk bilen gahrymançylyk utgaşykly beýan edilýär. Dessanyň başyndan söýgi bilen bagly wakalar ýaýbaňlanyp, munda göreşem, ýeňşem bar. Söz ussady özüniň isleg-arzuwlaryny gahrymanlarynyň keşbinde şöhlelendiripdir. Ol il-güni agzybirlige çagyrýan batyrlyk, halallyk, birsözlülik ýaly häsiýetleri gahrymanlaryň keşplerine siňdiripdir. Dessanyň baş gahrymany Bilbil. Ol şa ogludygyna garamazdan, özüni halkdan üzňe tutmaýar, halk bilen bir jan-bir ten bolýar. Şabende Bilbile şeýle ynsanperwer häsiýet bermek bilen, zähmetkeş halkyň mertebesini belent tutýar we adalatly durmuşy görýär. Bilbiliň ýoldaşlary Sala — weziriň ogly, Galandar — mekdep mugallymy, Zelili — daýhan ogly. Bilbil olaryň güýjüne, kuwwatyna ynanmak bilen, dessanyň bütin dowamynda olar bile hereket edip, edermenlik görkezýärler.
Şu hili garaýşy Bilbiliň kakasy Nasyr şada-da görmek bolýar. Şabende Nasyr şanyň keşbiniň üsti bilen adalatly, rehimdar bolmagy, hemmä deň göz bilen garamagy, dostana pikirleri öňe sürüpdir. Nasyr şanyň keşbi adalatly şa hakyndaky arzuwlaryň Şabende tarapyndan ösdürilişidir.