Ýazyjyny ýatlap...

7 Ýanwar 2021
1310

1988-nji ýyl. Täze ýylyň yz ýanydy. Sarahsdan Aşgabada gezelenje bardym. Döredijilik bilen gyzyklanýan dostum Esen Nazarow maňa ýazyjy Berdinazar Hudaýnazarowyň öýüne gitmekçidigini aýtdy-da, meniň hem özi bilen bile gitmegimi teklip etdi. Döredijilik bilen azda-kände gyzyklanamsoň, onuň teklibi bilen bada-bat razylaşdym. Meşhur ýazyjy, ussat şahyr bilen görşüp, birsalym mesawy gürleşip oturmaklygyň özi-de biz üçin uly bagtdy.

Esen ikimiz tirkeşip, Aşgabat şäheriniň gündogarynda ýaşaýan ýazyjynyň öýüne bardyk. Bizi iç işikde Berdinazar aganyň maşgalasy ýazyjy Ogultäç Orazberdiýewa garşylady. Ol Eseniň obadaşy eken. Bize: «Geçiberiň, ýaşuly içki otagdadyr» diýip, mylaýymlyk bilen ýüzlendi.

Amandurdy GURBANOW,
Sarahs şäheri, mugallym.