Goşa şatlyga beslendi

16 Dekabr 2024
126

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk baýramçylygynyň — Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda Türkmenbaşy şäheriniň iň gözel künjeginde ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlary gurlup, dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp sowgady — jemi 300 hojalyga niýetlenip, täze gurlan bäş sany, her biri dört gatly, ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan ybaratdyr. Binagärlik babatda özboluşly gözelligi emele getirýän bu täze jaýlaryň açylyş dabarasyna welaýat, Türkmenbaşy şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de ýaşuly nesliň wekilleri, Mejlisiň deputatlary, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň ýolbaşçylarydyr jogapkär hünärmenleri, medeniýet we sungat ussatlary, şäheriň köp sanly ýaşaýjylary gatnaşdy.

Täze jaýlaryň açylyş dabarasynda çykyş edenler bu ýere ýygnananlary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ruhuna mynasyp bu şatlykly waka bilen gyzgyn mübärekläp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmek dabarasynda «Her bir maşgalany häzirki zaman öýi ýa-da jaýy bilen üpjün etmek meniň esasy maksatlarymyň biri bolar» diýip aýdan sözleriniň hakykat ýüzünde myrat tapýandygyny aýratyn nygtadylar. Ýokary hil talaplaryna laýyk gurlan öýlere göçüp gelen bagtyýar maşgalalara eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da artmagynyň hatyrasyna bitirýän tutumly işlerinde rowaçlyklary arzuw etdiler. Täze öýlere göçüp gelen raýatlar halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün etmek boýunça edýän bimöçber aladalary üçin hormatly Prezidentimiziň adyna tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.

Aýjemal ÝAGŞYMÄMMEDOWA,
TDP-niň Balkan welaýat komitetiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.