Akja gar

11 Dekabr 2024
112

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde gyş paslynyň gelmegi bilen töwerek-daşymyzy sowuk howa gurşap aldy. Gyşyň ilkinji günlerinde bolsa ak şäherimiz Aşgabatda hem-de ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde ak gar tozgajyklary asmandan nur bolup ýagyp, bereketli türkmen topragymyzyň ýüzüni “ak zat alnyňa ýagşy” diýlen pähime eýerip aklyga büredi. Biz hem şu ýerde ildeşlerimizi ak gar bilen baglanyşykly täsin hem gyzykly maglumatlar bilen tanyşdyrmagy makul bildik.

Gar barada gürrüň edilende, köplenç oňa “akja gar” diýilýär. Muňa goşgudyr aýdymlarda hem duş gelinýär. Aslynda, bize ak bolup görünýän hem bolsa, gar suw ýaly reňksizdir. Has dogrusy, aýna ýaly dury bolup, aňyrsy görünýär. Emma gar bölejikleri şöhläni başga taraplara serpikdirip, ony ak reňkli görkezýär.

Jangeldi IŞANKULYÝEW,
žurnalist.