Pyraga bagyşlanan monografiýa

12 Dekabr 2024
139

Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň «Ylym» neşirýaty tarapyndan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň eýesi Tagandurdy Bekjäýewiň «Magtymgulynyň eserleriniň frazeologiýasy» atly monografiýasy neşir edildi. Kitapda Magtymguly Pyragynyň döredijiligindäki frazeologizmleriň etimologiýasy, leksik-semantik aýratynlyklary, grammatik gurluşy ylmy taýdan derňew edilýär, şahyryň eserleriniň poetik dili dogrusynda täzeçe garaýyşlar öňe sürülýär. Şeýle-de Magtymguly Pyragynyň eserlerindäki düzüminde reňkler, sanlar, beden agzalary, aryflyk bilen bagly sözler, tirkeş sözler bolan frazeologizmler ýörite seljerilýär. Kitabyň ahyrynda Magtymguly atamyzyň eserleriniň gysgaça frazeologik sözlügi ýerleşdirilipdir.

Magtymgulyşynas mugallymyň täze kitaby ýokary we orta mekdepleriň dil we edebiýat mugallymlaryna, bu ugurdan bilim alýan talyplara we dana Pyragynyň döredijiligi, türkmen diliniň taryhy bilen içgin gyzyklanýan adamlara gymmatly gollanma bolup hyzmat eder.

Ýörite habarçymyz.