Gerimi giňeýän gatnaşyklar

28 Noýabr 2024
207

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz häzirki wagtda sebitiň möhüm logistika çatrygyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň Merkezi Aziýany, Hazar, Gara deňiz we Baltika sebitlerini, Orta we Ýakyn Gündogar, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýany birleşdirýän geoykdysady giňişligiň binýadyny döretmek bilen baglanyşykly iri halkara guramalarynyň münberinden eden teklipleriniň goldaw tapmagy netijesinde bu ugurdan uly öňegidişlikler gazanyldy. 2026 — 2035-nji ýyllarda Durnukly ulagyň onýyllygy boýunça BMG-niň maksatnamasynyň düzümine goşant goşmak maksady bilen, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Durnukly ulagyň dostlary toparynyň döredilmegi hem Watanymyzyň halkara abraýynyň barha ýokarlanýandygynyň güwäsidir.

Ulag kommunikasiýalaryny ösdürmek boýunça ýükleriň daşalyşyny artdyrmak üçin strategiki taýdan amatly ýerde ýerleşýän Garaşsyz Diýarymyzyň 1993-nji ýylda Brýussel Jarnamasyna goşulmagy TRACECA maksatnamasynyň başyny başlady. Türkmenistan häzirki wagtda TRACECA-nyň çäklerinde durmuşa geçirilen düzümleýin taslamalaryň we tehniki taýdan ýardam bermek baradaky taslamalaryň durmuşa geçirilmegi babatdaky başlangyçlarda işjeňligi bilen tapawutlanýar. 2023-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen 26-njy noýabryň «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edilmegi döwletimiziň öňe sürýän dünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolýandygyny aňladýar. Bu şanly wakadan bir ýyl soň, ýagny 26-njy noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda öz işine başlan «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahat we sergi hem geçilen menzillerde ýetilen sepgitleri we öňde duran maksatlary beýan edýän meýdança hökmünde dünýäniň ünsüni özüne çekýär.

Nurylla REJEPOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.