Ynsap (Hekaýa)

28 Noýabr 2024
267

Bähbit aga bu gün hemişekisinden ir oýandy. Howul-hara garbak-gurbak edindi-de, gyssanmaç ýola düşdi. Onuň uzyn göwresini öňe atyp, ýukajyk ýektaýynyň etegini galgadyp, alakjap barşy geňdi. Ýüzi aladalydy, töwerek-daşyna-da üns berenokdy. Öňünden çykanlaryňam diňe salamyny alýardy, hal-ahwal soraşyşy-da juda sowukdy. Ondan beýle sowuklyga garaşmadyk tanyş-bilişleri geň galyp, yzyndan seredip galýardy. Ol aram-aram: «Taparmykam, tanarmykam? Öz-ä, kelte boýly, sary saçlydy öýdýän. Aý, taparyn-la, tanaman näme...» diýip, eşidiler-eşidilmez pyşyrdaýardy. Duralga baransoňam, oturara takaty ýetmän, jübüsinden elýaglygyny çykaryp, maňlaý derini süpürdi-de, bir elini gözüne kölegeledip, ýoldan geçýän ýeňil ulaglara seretdi. Ol barmana ak reňkli taksi deňinde saklandy. Goja barjak ýerini aýdyp, haýdan-haý ulaga mündi. Salamdan soň sürüji Bähbit aga habar gatdy:

— Ýaşuly, bazarlajak-da onda? Bir zat almakçymy?

Ödegeldi KULYÝEW,
ýazyjy.