Dünýä belli rus ýazyjysy Iwan Sergeýewiç Turgenýewiň ady türkmen okyjylaryna ozaldan tanyşdyr. Öz döwründe ýurdumyzyň tanymal terjimeçileri tarapyndan I.Turgenýewiň «Atalar we perzentler» romany, «Asýa» powesti, «Mumu» hekaýasy türkmen dilinde neşir edildi. Ýakynda ýazyjynyň Russiýa Federasiýasynyň Orýol oblastynyň Msensk etrabyndaky Spassk-Lutowina obasynda ýerleşýän öý-muzeýiniň işgäri Ýelena Nowikowa bu ýerde saklanylýan türkmen halysy barada ýazan gysgajyk makalasyny redaksiýamyza iberdi:
1818 — 1883-nji ýyllar aralygynda ýaşap geçen ýazyjy Iwan Sergeýewiç Turgenýewiň iki gatly öý-muzeýi häli-häzire çenli giňden tanalýan medeni ojaklaryň biridir. Ýazyjynyň ömri we döredijiligine degişli ýazgylarda muzeýiň hemişe köp adamly bolandygy barada aýdylýar. Bu ýerde Lew Tolstoý, Nikolaý Nekrasow, Afanasiý Fet ýaly onuň döwürdeş ýazyjy-şahyrlary myhmançylykda bolup, edebiýat agşamlaryny geçiripdirler. I.Turgenýew bu günki günde dünýä dilleriniň ençemesine terjime edilen eserlerini hut şu ýerde ýazypdyr.