Gezsem, dünýäni görsem!

27 Noýabr 2024
229

Kaşaň desga

Ýaponiýa döwletiniň iň uly şäherleriniň biri bolan Osakada dünýä belli binalaryň birnäçesi ýerleşýär. Olaryň biri hem «Umeda» desgasydyr. 1993-nji ýylda halka hyzmat edip başlan bu desga 40 gatdan ybaratdyr. Beýikligi 170 metrden gowrak bolan binada restoran, kafeler, söwda merkezi, edara otaglary we işewürlik merkezi ýerleşýär. Umumy tutýan meýdany 148 inedördül metre barabar bolan desganyň binagäri dünýä belli arhitektor Hiroşi Haradyr. Binanyň esasy meýdançasynda dürli reňkli suw çüwdürimleri we dynç alyş seýilgähi bar. Bu bolsa desgany synlamaga gelýän myhmanlarda ýakymly täsir galdyrýar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.