Eşret getirýän kesp

27 Noýabr 2024
248

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň hususy ulgamynda uly ösüşler gazanylýar. Döredilýän amatly şertlerden netijeli peýdalanyp, dokma önümlerimizi içerki bazarlar bilen bir hatarda daşary ýurtlara-da eksport edýän telekeçileriň sanynyň barha artmagy diýseň guwandyryjy ýagdaýdyr. Ynha, halyçylygy hünär edinip, ondan rysgal-bereket tapan ussat halyçynyň gyzy, işewür telekeçi Gülälek Umarowa-da bu kesbiň mynasyp dowam etdirilmegine we şan-şöhratynyň dünýä ýaýylmagyna saldamly goşant goşýar.

Ol ýanýoldaşy Maksat Rozymyradow bilen 2013-nji ýylda ýüpek we ýüň halylaryň önümçiligini ýola goýdy. Çagalykdan belet bolan hünäri we ejesi Ogulsadap Umarowanyň halypalyk maslahatlary Gülälege bu işde uly goldaw boldy. Turuwbaşdan çuňňur oýlanyşykly girişilen haly önümçiligi günsaýyn rowaçlandy. Gülälek ilkibada haly dokamaga höwesek gelin-gyzlaryň birnäçesini jemläp, olar bilen zähmet şertnamasyny baglaşdy. Olary zerur bolan zähmet gurallary we amatly iş şertleri bilen üpjün etdi. Şeýle hem halyçylaryň ukyp-başarnyklaryny artdyrmaklary barada aladalandy. Ynha, şeýdip, halyçylaryň hersi sargytlar esasynda haly dokamaklyga girişdiler.

Atanyýaz HANGELDIÝEW,
ýörite habarçymyz. Surata düşüren Döwletgeldi HUDAÝBERDIÝEW.