Gahryman Arkadagymyz «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda: «Gargy tüýdük halkymyzyň gadymy saz gurallarynyň hataryna girýär. Gargy tüýdügiň köneden gelýän ady naý tüýdük bolup, gargy gamyşdan ýasalýandygy sebäpli soňky döwürlerde ol gargy tüýdük adyna eýe bolupdyr. Gargy tüýdüge Mary, Sarahs we Lebap sebitlerinde biziň häzirki günlerimizde-de naý tüýdük diýilýär» diýip belleýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Lebap, Mary welaýatlarynda geçmişde we şu günki günlerimizde hem gargy tüýdügi çalýan tüýdükçileriň nesil-neberesi dowam edýär. Geçmişde gargy tüýdükçileriň käbiriniň atlarynyň yzyna «naýçy» sözi goşulypdyr. Il içinde aýdylyşyna görä, ýolötenli ussat dessançy, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Gurt Ýakubowyň kakasy «Ýakup naýçy» diýen ady göteripdir.
Şu ýerde ömrüni aýdym-saza bagyş edip, il-günüň toý-tomaşasynda halk sagbolsunyna mynasyp bolan Lebap topragynda ýaşap geçen ussatlaryň käbirleriniň atlaryny agzap geçeliň. XX asyryň başlarynda ýaşan halaçly ussat gargy tüýdükçi Hezret Amanowdan (şahyr Ýagmyr Pirgulyýewiň agasy) miras galan gargy tüýdük häzir Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde saklanylýar. Bu etrapda ýaşap geçen ussat gargy tüýdükçi Rozy Wellekowyň çalan halk sazlaryndan birnäçesiniň mehaniki ýazgysynyň aýdym-saz sungatynyň muşdaklarynyň şahsy arhiwlerinde saklanýandygy, şeýle-de Hojambaz etrabynyň Beşir obasynda Çöli pälwan atly ussat tüýdükçiniň ýaşap geçendigi barada bizde anyk maglumat bar.