Syrdamlyk — sagdynlyk

31 Oktýabr 2024
337

Ynsanyň saglygy köp zatlara bagly. Ýöne şolaryň ilkinjileriniň biriniň dogry iýmitlenmek we ýeterlik hereket etmekdigini lukmanlar nygtaýarlar. Köplenç, ýönekeýje talaplary ýerine ýetirmezligimiz biziň bedenimiziň gereginden artyk ýag ýygnamagyna, şeýlelikde, olara artykmaç agram düşmegine getirýär. Şeýle ýagdaýda lukmanlar bedeni sagdyn saklamaklygyň ýollaryny salgy berýärler. Ine, şolaryň käbirleri:

Çendenaşa ajykýançaňyz garaşmaň. Sebäbi näçe aç boldugymyzça, şonça-da köp iýýäris. Şonuň üçin çala ajyganyňyzdan garbanmagyň ugruna çykyň. Çünki ýene ýarym sagat garaşsaňyz, siz has köp iýersiňiz.

Maral GYLYJOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.