Gahryman Arkadagymyz, türkmeniň söwer Ogly hormatly Prezidentimiz baryny bar eýläp bilýänligi bilen tapawut berýändir. Men ony ençeme gezekläp belländirin. Küştdepdi tansymyzyň, «Görogly» şadessanymyzyň, nepis halymyzyň, şirwan perdeli dutarymyzyň hut özümize — türkmene degişlidigini dünýe içre aýan eýledi. Mähriban Arkadagymyzyň nepis halymyza-da, ýyndam bedewimize-de, akylly alabaýymyza-da eser bagyşlandygynyň özi nämä degmeýär! Bular barada näçe gürrüň etsegem azdyr. Bu synmaz gymmatlyklarymyz bizi guwandyrýar, buýsandyrýar. Her haýsyna nazaryň kaklyşanda galkynýaň.
Şeýle bagtly günlerde hormatly Prezidentimizi, Gahryman Arkadagymyzy Türkmen alabaýynyň baýramy bilen tüýs ýüregimden gutlaýaryn. Bagtyýar döwre, döwrana şaýat eden, türkmeniň kalby ýaly owadan gymmatlyklarymyzy belent sarpalaýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ömürleri uzak, belent başlary aman, ýurdy abadan bolsun! Alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!