Täze mümkinçilikleriň meýdany

24 Oktýabr 2024
293

Ähli ugurlarda, şol sanda nebitgaz pudagynda durmuşa geçirilýän işler, dünýä ýurtlary, iri-iri kompaniýalary bilen ýola goýlan we goýulýan hyzmatdaşlyklar ýurdumyzyň ösüşleriniň yzygiderliligini kepillendirýär. Energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we ösdürmekde täze mümkinçilikleriň meýdany bolan «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylaryň giň düzümi hem Diýarymyzyň maýa goýum babatdaky özüne çekijiliginden habar berýär.

Nebitgaz senagatyny ösdürmek Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri boldy. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän öňdengörüjilikli syýasat netijesinde bu günki gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan sebitiň iri energetika döwletleriniň birine öwrüldi. Köpugurly gaz geçiriji ulgamyň döredilmegi türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmakda täze mümkinçilikleriň ýoluny açdy. Häzirki wagtda Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň gurluşygy alnyp barylýar. Şu ýylyň sentýabrynda Mary welaýatynda iri taslamalara — TOPH transmilli gaz geçirijisiniň wajyp tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşyk işlerine badalga berildi we «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasynyň düýbi tutuldy. Bularyň ählisiniň döwletleriň we halklaryň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen daşary syýasatymyzyň miweleridigini hormatly Prezidentimiziň halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda hem: «Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Garaşsyz Türkmenistan öz tebigy baýlyklaryny diňe bir milli bähbitlere däl-de, sebit we dünýä halklarynyň bähbitlerine hem gönükdirmäge çalyşýar. Bu ugurda tagallalary birleşdirmek bolsa öňde goýlan maksatlara ýetmäge möhüm şert döredýär» diýlip aýratyn nygtalýar. «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy we «Türkmen Forum» HJ tarapyndan guralyp, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda 23-nji oktýabrda öz işine başlan «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly XXIX halkara maslahat we sergi ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň gazananlary bilen dünýä jemgyýetçiligini giňden tanyşdyrmakda, bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmakda gymmatly meýdança öwrüldi. Maslahatyň ählumumy energiýa ulgamynyň häzirki ýagdaýyna we geljekki ösüşine bagyşlanan umumy mejlisinde çykyş edenler Türkmenistanyň dünýäniň energetika ulgamynyň täze gurluşyny kemala getirmäge yzygiderli goşant goşýandygy, bu babatda anyk çäreleri durmuşa geçirýändigi aýratyn bellenildi.

Hemra GURBANNAZAROW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.