Halkara giňişlikde parahatçylygy we bähbitleriň deňagramlylygyny saklamagyň, howpsuzlygy üpjün etmegiň kepili bolan Birleşen Milletler Guramasy indi 79 ýyl bäri ählumumy özara gatnaşyklaryň döwrebap ulgamynyň daýanjy bolup gelýär. 1945-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda döredilen bu iri wekilçilikli düzüme 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Garaşsyz Türkmenistan hem goşuldy. Şondan bäri geçen ýyllaryň dowamynda Diýarymyz halkara giňişligindäki wajyp meseleleriň çözgüdini gözlemeklige işjeň gatnaşýan ýurt hökmünde uly abraýa eýe boldy.
BMG-niň dürli düzümleri bilen yzygiderli ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň miweleri bu günki gün diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, sebitiň durmuşynda öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi bolsa ýurdumyzyň daşary syýasatdaky üstünligidir. Bu başlangyjyň dünýäniň ähli döwletlerine adamzadyň ykbaly babatda öz jogapkärçiligini duýmaga, artýan gapma-garşylyklary aradan aýyrmaga, häzirki döwrüň ýagdaýlaryny seljermäge, oňa taryhy we geljegiň nukdaýnazaryndan garamaga gönüden-göni çagyryş bolup durýandygyny Gahryman Arkadagymyz BMG-niň Baş sekretarynyň ýolbaşçylygyndaky BMG-niň wekiliýeti bilen şu ýylyň 6-njy iýulynda bolan duşuşygyndaky Çykyşynda belläp geçdi.