19-njy oktýabrda Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýinde TÜRKSOÝ halkara guramasynyň Muzeýler birleşiginiň baş utgaşdyryjysy Jawid Möwsümliniň guramagynda TÜRKSOÝ-yň Muzeýler birleşiginiň agzalarynyň her ýylda geçirilýän jemleýji maslahaty boldy. Maslahaty bu halkara guramasynyň Baş sekretary Sultan Raýew açyp, guramanyň alyp barýan işlerine ýardam edýändikleri üçin türkmen halkynyň Milli Liderine we Türkmenistanyň Prezidentine hoşallygyny bildirdi. Ol halkara derejesinde hereket edýän muzeýler, olaryň alyp barýan işleri, 27-nji martda Milli «Ak bugdaý» muzeýinde geçirilen maslahatlaryň ähmiýeti dogrusynda belledi. Şeýle-de
TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan «Türk dünýäsiniň iň gowy muzeýi» atly bäsleşiginiň yglan ediljekdigini, her ýylyň ahyrynda bäsleşigiň jemini jemlemek bilen, ýeňiji bolan muzeýe gurama tarapyndan «Türk dünýäsiniň iň gowy muzeýi» diýen derejäniň we baýragyň gowşuryljakdygyny maslahata gatnaşanlaryň dykgatyna ýetirdi.