Çökündileriň nebitgazlylygynyň görkezijileri

6 Awgust 2024
653

Institutymyzyň alymlary nebitgaz gorlary bilen bile duş gelýän ýerasty gatlak suwlarynyň aýratynlyklaryny indi 70 ýyldan hem gowrak wagtyň dowamynda toplumlaýyn öwrenýärler. Çünki ýerasty gatlak suwlary nebitgaz ýataklarynyň emele gelmeginde, saklanylmagynda we dargamagynda aýratyn kesgitleýji orny eýeleýär. Olaryň emele gelşini, hereketini we himiki düzümini, fiziki häsiýetlerini, tebigy kanunalaýyklyklaryny ýüze çykarmak çökündileriň nebitgazlylygynyň görkezijisi hökmünde uly ähmiýete eýedir. Ylmy barlaglaryň netijesinde gatlak suwlarynyň himiki düzümi, onuň aýry-aýry elementleriniň mukdary boýunça çökündileriň nebitgazlylygynyň düzülen görkezijileri gözleg, barlag we agtaryş işleriniň meýilnamasy düzülende amaly taýdan ylmy teklipler görnüşinde önümçilikde peýdalanylýar. Alynýan maglumatlar nebitgaz görkezijileriniň üstüni ýetirýär. Gorlary hasaplamak we işläp geçmek baradaky gözükdirijileriň talaplaryna laýyklykda, gidrogeologik we gidrohimiki maglumatlar amaly taýdan degişli derejede peýdalanylýar. Olar gidrodinamiki şertleriniň häsiýetlendirilmegine we has takyk kesgitlenmegine ýardam berýär.

Goturdepe nebitgaz käniniň günbatar böleginde gatlak basyşynyň derejesini saklamak üçin ýöriteleşdirilen gözegçilik guýulary arkaly deňiz suwlarynyň barlag gatlagyna kowulmak işleri ýola goýlup, gidrohimiki gözegçilik işleri amala aşyryldy. Netijede, gatlak basyşynyň, nebitsuw çäginiň, kowulýan deňiz suwlarynyň gatlakda ornaşyşy kesgitlenip, suw kowulmasynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga degişli derejede goşant goşdy we goşmaça ýüzlerçe tonna nebit almaga mümkinçilik berdi.

Aýtmämmet AKMÄMMEDOW,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň esasy ylmy işgäri, geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyň kandidaty.