«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda dünýä edebiýatynyň, sungatynyň meşhur wekilleriniň heýkelleriniň arasynda Saýat Nowa lakamy bilen meşhur ermeni şahyry Arutýun Saýadýanyň hem heýkeli bar.
Saýat Nowa 1712-nji ýylyň 14-nji iýunynda Tbilisi şäherinde dünýä inýär. Şahyr goşgularynyň birinde kakasynyň Halapda ýaşandygy, ejesiniň ermenileriň awlabar tiresindendigi, özüniňem Tbiliside doglandygy barada maglumat getirýär. Ol ilkinji şygyrlaryny çaga wagty düzýär, gündogar saz gurallaryny (esasanam kemençe) çalmagy öwrenýär. Öz goşgularyna aýdym döredýär. Şahyr baradaky ýalňyz maglumat çeşmesi onuň golýazmalarydyr. Eli bilen ýazan şygyrlarynda goýberen ýalňyşlaryndan çen tutup, alymlar onuň doly, yzygiderli bilim almandygy baradaky pikiri öňe sürýärler. Başga bir maglumatda gruzin ybadathanasyndaky mekdepde okandygy aýdylýar. Ýöne onuň ermeni, gruzin, azerbaýjan, pars, buluç, türk dillerini bilendigini-hä alymlar tassyklaýarlar. Dürli maglumatlara görä, şahyryň ermeni dilinde 60, gruzin dilinde 34, azerbaýjan dilinde 115, pars dilinde 6 goşgusy biziň günlerimize gelip ýetipdir.