«Halk — hazyna» diýilýär. Magtymguly Pyragynyň şygryýeti hem halkyň kalbynda asyrlaryň dowamynda kemala gelen hazynanyň akyldaryň paýhasynda eýlenip, göwher derejesine ýetirilen görnüşi. Şonuň üçinem Pyragyny biziň gözümiz görüp ýörse-de, gözelligini duýup bilmeýän zatlarymyzdan ajaýyp eserleri döredýän suratkeşe meňzedesiň gelýär. Sebäbi akyldaryň eserleri biziň gündelik durmuşymyz barada, bu dünýäniň iň gymmatly zatlary hakda, edep-terbiýe, halallyk, geçmiş, geljek dogrusynda ussat şeýle bir gözel görnüşde bize hödürleýär welin, olardan ünsüňi sowmak mümkin däl. Ine, ussady ussat edýänem şeýle ukyplar. Hut şonuň üçinem akyldar şahyrymyzyň şygyrlary asyrlaryň dowamyndan ynamly gadam urmak bilen dünýä giňişligine seýrana çykýar.
Halk paýhasyny, nakyllary we atalar sözlerini giňden ulanan Magtymguly halk diline ornan we häli-häzire çenli il arasynda giňden ýaýran anyk jümleleri döredipdir. Ol eserlerini halkymyzyň ruhy şöhlelenýän aýna öwrüpdir. «Ýagşy oguldan rahmet arygy akar», «Hergiz ýaman bilen bile bolmaňlar», «Watandan daş düşen istär mekanyn», «Ýamanyň zyýany iline ýeter», «Mert çykar myhmana güler ýüz bilen», «Akylly az gürlär, gorkar tilinden», «Akyl adam söz başlamaz «men» bile», «Ýagşy ýigit ýol ýitirmez», «Ýagşy söze gulak salgyl», «Kitap okan gullar magnydan dokdur» ýaly setirlere ser salyp görüň. Olarda türkmeniň kalbynyň owazy bardyr. Olar göýä halkymyzyň terbiýe mekdebiniň gysgaça beýany ýalydyr. Ynsan kalbyna ýakyndygy üçinem halkymyz ol jümleleri gymmatly hazyna hökmünde asyrlardan-asyrlara özi bilen alyp gelipdir.