Suw serişdelerini rejeli ulanmak — döwrüň talaby

9 Awgust 2023
1502

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň parasatly syýasaty netijesinde, ýurdumyzyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, suw üpjünçiligine hem ägirt uly üns berilýär. Muňa hormatly Prezidentimiziň 28-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Aşgabat şäheriniň suw üpjünçiligini gowulandyrmak, hereket edýän suw desgalaryny abadanlaşdyrmak we beýleki çäreler barada öňde goýlan wezipeler doly şaýatlyk edýär. Şeýle hem suw meselesi 4-nji awgustda paýtagtymyzda Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda geçirilen üçtaraplaýyn sammitde ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar suw-energetika serişdelerini toplumlaýyn hem-de aýawly peýdalanmak boýunça ýurtlaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak ugrunda çykyş etdiler. Ylaýta-da, Amyderýanyň suw serişdelerini rejeli peýdalanmagyň ileri tutulýan ähmiýetini nygtadylar we bu ugurda köp taraply hyzmatdaşlygyň usullaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygy bellenildi.

Suw — bu tebigatyň bize beren iň gymmatly baýlygy bolmak bilen, şonsuz ýaşaýyş we ösüş ýokdur. Suw serişdelerini goramak we rejeli peýdalanmak şu günki iň derwaýys meseleleriň biridir. Çünki kadaly suwa bolan isleg dünýäde, has-da yssy we az suwly ýurtlarda barha artýar. Ýer ýüzündäki ähli suwlaryň diňe 3 göterime golaýy süýji suw bolup, galanlary ummanlaryň, deňizleriň duzly suwlarydyr we olaryň duzlulygy kadaly süýji suwa bildirilýän talapdan (1 g/l) ep-esli ýokarydyr. Şor suw serişdeleriniň ýene bir çeşmesi duzly ýerasty we zeý akaba suwlardyr.

Hojanepes ÝOWJANOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professory, tehniki ylymlaryň doktory.