Eşretli geljegimiziň eýeleri

12 Iýul 2023
1569

Ata Watanymyzda amala aşyrylýan ajaýyp özgertmeler halkymyzyň arzuw-isleginden ugur alnyp, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän tutumly işleriň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup dabaralanýar. Arkadagly Serdarymyz türkmen ýaşlarynyň güýç-gaýratyna, yhlasyna, başarnygyna uly ynam bildirýär. Hut şonuň üçin-de hormatly Prezidentimiz ata Watanymyzyň röwşen geljegini berkarar etmekde ýaşlaryň güýjüne daýanýar.

Üstümizdäki ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy milli ýörelgämiz esasynda terbiýelenýän ýaş nesillere bildirilýän uly ynamyň beýany boldy. Bu ýylda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmekde jogapkärli wezipeler, tutumly işler öňde durýar. ªol belent wezipeleri, aýdyň maksatly uly işleri üstünlikli durmuşa geçirmekde ýaşlaryň döwrebap ylym-bilim almaklary, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan ökde hünärmenler bolup ýetişip, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda ýurdumyzyň mundan beýläk-de batly gadamlar bilen ösmeginiň hatyrasyna öndürijilikli zähmet çekmekleri möhümdir. Munuň üçin bolsa baky berkarar döwletimizde ähli şert-mümkinçilikler döredilendir. Biz ýaşlara Arkadagly Serdarymyz tarapyndan ýurdumyzda durmuşa geçirilýän uly özgertmeler, täze döwrüň belent wezipeleri barada yzygiderli gürrüň berýäris. Munuň özi oňyn netijelerini berýär.

Zöhre Höwezowa,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň 2-nji hünär-tehniki okuw mekdebiniň esasy hünärmeni-önümçilik hünär okuw ussasy.