Ýürekdeşlik we dostluk ruhy bilen
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli medeniýetimiz we sungatymyz şanly rowaçlyklara, ozal görlüp-eşidilmedik üstünliklere beslenýär. Muňa ýakynda merjen paýtagtymyz Aşgabatda beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň, şeýle-de Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň ýokary derejede guralandygy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Ýürekdeşlik we dostluk ruhy bilen geçirilen bu halkara derejesindäki çäreler oňa gatnaşyjylaryň kalbynda ýatdan çykmajak täsirleri galdyryp, doganlyk halklaryň medeni däpleri bilen tanyşmakda, döredijilik hem-de dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmekde giň gerimli sungat baýramçylygyna öwrüldi. Bu halkara derejesindäki çärelerde Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä halklaryny ruhy taýdan birleşdirýändigi, tutuş adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak mirasyna öwrülendigi barada edilen çykyşlar tutuş halkymyz bilen birlikde bizi — geljekki medeniýet-sungat işgärlerini has-da buýsandyrdy. Dostlukly ýurtlaryň görnükli sahna ussatlary institutymyzyň talyplary bilen duşuşyp, okuw we ýaşaýyş şertlerimiz bilen ýakyndan tanşanlarynda, bize ukyp-başarnygymyzy artdyrmagymyz, zehinimizi taplamagymyz üçin döredilýän mümkinçiliklere haýran galdylar. Biz ýurdumyzyň medeniýet-sungat işg