"Nesil" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-57, 39-96-37, 39-96-49
Email: nesil-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Ýakynda Gyzylarbat etrap häkimliginiň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda Medeniýet öýünde Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa edara-kärhanalarda zähmet çekýän hünärmenler, talyp ýaşlar gatnaşdy. Duşuşykda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyza bu ajaýyp eseri üçin köp sagbolsun aýtdylar hem-de galamynyň ýiti bolmagyny arzuw etdiler. 

Hoş geldiň Täze ýyl, eziz Diýara

Ýakynda Balkanabat şäherindäki «Miras» toý dabaralary merkezinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň guramagynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabara TKA-nyň  welaýat birleşmesiniň hünärmenleri, welaýatyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän KA-nyň işjeň agzalary gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler ýetip gelýän täze, 2025-nji ýylyň hem rysgally, bereketli ýyl bolmagyny arzuw etdiler. Dabaranyň dowamynda Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyp ýaşlarynyň aýdym-sazly çykyşlary dabara gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

GDA ýurtlarynyň netijeli hyzmatdaşlygy

25-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, däp bolşy ýaly, Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynda iş saparynda boldy. Türk­me­nis­tan GDA-nyň as­so­sir­le­nen ag­za­sy bol­mak bi­len, gu­ra­ma ag­za ýurt­lar bi­len gat­na­şyk­la­ry ta­ry­hyň do­wa­myn­da ke­ma­la ge­len dost­luk we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk däp­le­ri esa­syn­da ös­dür­ýär. Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Wa­ta­ny­myz äh­li gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar bi­len deň­hu­kuk­ly gat­na­şyk­la­ry iler­let­mek­de baş­lan­gyç­ly or­ny eýe­läp, äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gyň we aba­dan­çy­ly­gyň üp­jün edil­me­gi­ne sal­dam­ly go­şant goş­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň giň gol­da­wy­na eýe bol­ýan dö­re­di­ji­lik­li da­şa­ry sy­ýa­sat stra­te­gi­ýa­sy­ny üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­ýär. Şun­da ab­raý­ly hal­ka­ra we se­bit gu­ra­ma­la­ry­nyň, şol san­da GDA-nyň çäk­le­rin­de ne­ti­je­li dia­lo­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär.

Aýaz­ba­ba se­ýil­gä­hi

1998-nji ýylyň 28-nji no­ýab­ryn­da Aýaz­ba­ba­nyň oba­syn­da (Jou­lu­pu­kin Pa­ja­ky­lä) ady­bir Aýaz­ba­ba se­ýil­gä­hi açyl­ýar. Bu dynç alyş we güý­men­je mer­ke­zi Finl­ýan­di­ýa­da­ky iň go­wy se­ýil­gäh­le­riň bi­ri­dir. Ark­ti­ka te­ge­le­gin­de ýer­leş­ýän bu se­ýil­gäh Aýaz­ba­ba­nyň go­wak­da­ky ota­gy­na meň­ze­di­lip, ga­ýa­la­ryň için­de gur­lup­dyr. Dür­li me­de­ni­ýet­ler­de Aýaz­ba­ba­nyň Lap­lan­di­ýa ül­ke­sin­de ýa­şa­ýan­dy­gy be­lle­nil­ýär. Ça­ga­la­ryň Tä­ze ýyl baý­ra­myn­da­ky gah­ry­ma­ny ha­ky­kat­da ýok hem bol­sa, Aýaz­ba­ba­nyň oba­syn­da bü­tin dün­ýä­niň ça­ga­la­ryn­dan hat ka­bul ed­ýän poç­ta we se­ýil­gäh bar. Bu oba Finl­ýan­di­ýa­nyň de­mir­ga­zy­gyn­da­ky Lap­lan­di­ýa se­bi­ti­niň mer­ke­zi şä­he­ri Ro­wa­nie­mi­niň go­la­ýyn­da ýer­leş­ýär. Sy­ýa­hat­çy­lar Ro­wa­nie­mi şä­he­ri­ne Aýaz­ba­ba bi­len gö­rüş­mek üçin gel­ýär­ler. Aýaz­ba­ba se­ýil­gä­hin­de adat­ça, Aýaz­ba­ba de­giş­li zat­lar sak­la­nyp, bu ýer Tä­ze ýyl däp-des­sur­la­ry­ny, şeý­le-de lap­land me­de­ni­ýe­ti­ni we te­bi­ga­ty­ny gör­kez­mek mak­sa­dy bi­len gur­lup­dyr. Aýaz­ba­ba se­ýil­gä­hin­de kör­pe­je myh­man­la­ra Aýaz­ba­ba­nyň şe­ki­lin­dä­ki «Gin­gerb­re­ad’s Gin­gerb­re­ad» at­ly kö­ke­jik­ler hö­dür edil­ýär. Ça­ga­lar «Buz ga­le­re­ýa­sy» at­ly bö­lüm­de buz şa­za­da­sy bi­len gö­rüş­ýär­ler hem-de poç­ta bö­lü­min­den ýa­kyn­la­ry­na Tä­ze ýy­ly­ny gut­l

Gy­zyk­ly mag­lu­mat­lar:

Is­pa­ni­ýa­da, Portu­ga­li­ýa­da we La­tyn Ame­ri­ka­sy ýurt­la­ryn­da Tä­ze ýyl gi­je­si üzüm ýa-da kiş­miş iýil­ýär. Ita­li­ýa­ly­lar ýa­ry­gi­je 12 çem­çe gaý­na­dy­lan mek­ge­jö­wen iý­mek bi­len Tä­ze ýy­ly gar­şy al­ýar­lar.

Tä­ze ýy­ly kim nä­hi­li gar­şy al­ýar?!

Bo­sa­ga­da Tä­ze ýyl. Hem­me­le­riň sa­byr­syz­lyk bi­len ga­ra­şan baý­ram­çy­ly­gy ýe­tip gel­di. Be­ze­len ar­ça, şat­lyk­ly ýüz­ler, bi­rek-bi­re­ge ýol­lan­ýan gut­lag söz­le­ri, aý­dym-saz­ly da­ba­ra­lar – bu­lar Tä­ze ýy­la mah­sus ala­mat­lar bo­lup, her bir halk öz me­de­ni­ýe­ti­ne we däp-des­sur­la­ry­na gö­rä Tä­ze ýy­ly gar­şy al­ýar. Köp halk naz-nyg­mat­dan do­ly sa­çak ba­şyn­da maş­ga­la bo­lup Tä­ze ýy­ly gar­şy­la­ýan bol­sa, kä­bir halk baý­ram­çy­ly­gy baş ar­ça­nyň ýa­nyn­da, ho­wa men­zi­lin­de, de­ňiz ke­nar­la­ryn­da ýa-da se­ýil­gäh­ler­de ge­çir­ýär. Ga­ze­ti­mi­ziň şu sa­nyn­da kä­bir halk­la­ryň Tä­ze ýy­ly gar­şy al­şy bi­len bag­la­ny­şyk­ly gy­zyk­ly mag­lu­mat­la­ry ýerleşdirmegi makul bildik. Ýa­po­ni­ýa. Ýa­pon­lar Tä­ze ýy­ly mil­li däp-des­sur­la­ry­na la­ýyk­lyk­da gar­şy alyp, 31-nji de­kabr­da kö­ne tu­ma­ry­ny yba­dat­ha­na el­tip, tä­ze­si­ni alyp gaýd­ýar­lar. Olar Tä­ze ýyl­da sa­tyn alan tu­ma­ry­nyň şow­lu­lyk ge­tir­ýän­di­gi­ne ynan­ýar­lar. Ýa­pon­lar Tä­ze ýyl gi­je­si yba­dat­ha­na­da, kö­çe­de köp­çü­lik bo­lup kre­wet­ki­den we iş­bil­den taý­ýar­la­nan baý­ram­çy­lyk ta­gam­la­ry­ny iý­ýär­ler. Mun­dan baş­ga-da, ýa­pon ze­nan­la­ry baý­ram­çy­lyk gi­je­sin­de «kö­ne ýyl» bi­len hoş­laş­mak we Tä­ze ýy­ly gar­şy­la­mak üçin gar­pyz unun­dan taý­ýar­la­nan spa­get­ti gaý­na­dyp, içi­ne dür­li gök önüm­le­ri go­şup so­ba bi­

«Çelsi» utuk ýitirmezden 1/8 finala çykdy

UEFA Kon­fe­ren­si­ýa Li­ga­syn­da li­ga tap­gy­ry­nyň du­şu­şyk­la­ry ta­mam­lan­dy. 6-njy oýun­lar­da du­şu­şyk­la­ryň deň ýa­ry­sy deň­lik­de ta­mam­la­nyp, şo­la­ryň 2-sin­de ha­sap açyl­ma­dy. «Çel­si» to­pa­ry 6 du­şu­şy­gyň äh­li­sin­de-de ýe­ňiş ga­za­nan ýe­ke-täk to­par bol­dy. «Çel­si» bi­len bir ha­tar­da, Por­tu­ga­li­ýa­nyň «Wi­to­ri­ýa de Gi­ma­raýnş» to­pa­ry hem li­ga tap­gy­ry­ny ýeň­liş­siz ta­mam­la­ma­gy ba­şar­dy (4 ýe­ňiş, 2 deň­lik). 6-njy du­şu­şyk­lar­da «Çel­si» öz meý­dan­ça­syn­da Ir­lan­di­ýa­nyň «Şam­rok Ro­wers» to­pa­ry­ny 5-1 ha­sa­byn­da ýeň­di. Du­şu­şyk­da lon­don­ly­la­ryň is­pa­ni­ýa­ly ýaş oýun­çy­sy Mark Giu 3 gol ge­çir­di. 23-nji, 34-nji we 45+3-nji mi­nut­lar­da ta­pa­wut­la­nan 18 ýa­şyn­da­ky fut­bol­çy­nyň gol­la­ry­nyň sa­ny 6-a ýe­tip, ol bu ugur­da iň ne­ti­je­li oýun­çy­la­ryň sa­na­wyn­da öň­de bar­ýar. «Wi­to­ri­ýa de Gi­ma­raýnş» bi­len mun­dan öň­ki 2 ýa­ry­şyň fi­nal­çy­sy «Fio­ren­ti­na­nyň» ara­syn­da­ky oýun bol­sa 1-1 ha­sa­byn­da deň­lik­de ta­mam­la­nyp, olar 2-3-nji orun­la­ry paý­laş­dy­lar. Öz meý­dan­ça­syn­da «Ko­pen­ga­ge­ni» Bel­ýo hem-de Wurmb­ran­dyň (2) gol­la­ry bi­len 3-0 ha­sa­byn­da ýe­ňen We­na­nyň «Ra­pid» to­pa­ry 4-nji ýe­ri eýe­le­di. Şwe­si­ýa­nyň «Ýur­gor­den» to­pa­ry il­kin­ji 4 oýun­da ýe­ňil­me­dik Pol­şa­nyň «Le­gi­ýa» to­pa­ry­ny 3-1 ha­sa­byn­da ýe­ňip, pleý-off­suz ýa­ry­şy do­wam et­dir­

Hepdäniň esasy duşuşyklary

27-nji dekabr (anna) Braýton – Brentford (00:30)

Ýa­rym fi­nal­çy­lar bel­li bol­dy

Ang­li­ýa­nyň Li­ga Ku­bo­gyn­da (EFL Cup) ýa­rym fi­nal­çy­lar bel­li bol­dy. Lon­don der­bi­sin­de «Ar­se­nal» «Kris­tal Pa­la­sy» Že­su­syň het-tri­gi esa­syn­da 3-2 ha­sa­byn­da ýeň­di (Že­sus 54, 73, 81 – Ma­te­ta 4, Nke­tia 84). Şeý­le-de, «Nýu­kasl» «Brent­for­dy» 3-1 (To­na­li 9, 43, Şer 69 – Wis­sa 90+1), «Li­wer­pul» myh­man­çy­lyk­da «So­ut­hemp­to­ny» 2-1 (Nun­ýes 24, El­li­ot 32 – Ar­çer 59) ha­sap­lar bi­len ýeň­li­şe se­ze­war et­di. 7 go­luň ge­çi­ri­len oý­nun­da bol­sa «Tot­ten­ham» öz meý­dan­ça­syn­da «Man­çes­ter Ýu­naý­ted­den» 4-3 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy (So­lan­ke 15, 54, Ku­lu­sews­ki 46, Hyn Min Son 88 – Zirk­zee 63, Amad 70, Ewans 90+4). Ýa­rym fi­nal­da «Ar­se­nal» «Nýu­kasl» bi­len, «Tot­ten­ham» bol­sa «Li­wer­pul» bi­len du­şu­şar. 1-nji oýun­lar 7-8-nji ýan­war­da, jo­gap du­şu­şyk­la­ry bol­sa 5-6-njy few­ral­da ge­çi­ri­ler.

Ikin­ji du­şu­şyk­da-da ýe­ňiş ga­zan­dy

Boks bo­ýun­ça agyr ag­ra­myň iki ägir­di bri­ta­ni­ýa­ly Taý­son Fýu­ri bi­len uk­rai­na­ly Olek­sandr Usyk 2-nji ge­zek du­şuş­dy. Olar şu ýylyň 18-nji maý­nda hem du­şu­şyp­dy we şonda Usyk gar­şy­da­şyn­dan üs­tün çy­kyp­dy. Bu ge­ze­gem Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň paý­tag­ty Er-Ri­ýad­da­ky «King­dom Are­na­da» ge­çi­ri­len re­wanş tut­lu­şy­gyn­da ýe­ne-de ýe­ňiş uk­rai­na­ly boks­çy­nyň ta­ra­pyn­da bol­dy. 12 raund­lap do­wam eden tut­lu­şyk­da emin­le­riň biragyz­dan ge­len ne­ti­je­si (116:112, 116:112, 116:112) esasynda Usyk ýe­ňiş ga­zan­ma­gy ba­şar­dy. Şun­luk­da, 37 ýa­şyn­da­ky Usyk WBA (Su­per), WBC, WBO, IBO ugur­la­ry bo­ýun­ça çem­pi­on­lyk gu­şak­la­ry­ny hem-de agyr ag­ram­da­ky çem­pi­on­lyk ýü­zük­le­ri­ni go­ra­ma­gyň höt­de­sin­den gel­di. Bu onuň kar­ýe­ra­syn­da­ky 23-nji ýeň­şi bo­lup, ol şu wag­ta çen­li äh­li du­şu­şy­gyn­da ýe­ňiş ga­zan­dy (14-si no­ka­ut bi­len). 36 ýa­şyn­da­ky Taý­son Fýu­ri bol­sa kar­ýe­ra­sy bo­ýun­ça 2-nji ge­zek ýeň­li­şe se­ze­war bol­dy. Şo­la­ryň 2-sin­de hem Usyk­dan as­gyn ge­len Fýu­ri­niň 37 du­şu­şyk­da 24-si no­ka­ut bi­len je­mi 34 ýeň­şi bar. Onuň 1 tut­lu­şy­gy-da deň­lik­de ta­mam­lan­dy.

«Ar­ka­dag» to­pa­rynyň Türk­me­nis­ta­nyň Ku­bo­gy­ ýaryşyndaky yz­ly-yzy­na 2-nji ýeňşi

Fut­bol bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň Ku­bo­gy­na «Ar­ka­dag» to­pa­ry my­na­syp bol­dy. «Aş­ga­bat» köpugur­ly sta­di­on­da oý­na­lan fi­nal­da «Ar­ka­dag» bi­len «Ahal» to­par­la­ry du­şuş­dy. Çe­ke­le­şik­li ge­çen oýun­da «Ar­ka­dag» to­pa­ry 1–0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Du­şu­şyk­da­ky ýe­ke-täk go­ly 45-nji mi­nut­da Be­genç Ak­mäm­me­dow öz ady­na ýaz­dyr­dy. Şun­luk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Ku­bo­gy­na bas­syr 2-nji ge­zek my­na­syp bo­lan

Ýapon awtoulag öndürijileri birleşdi

Soň­ky ýyl­lar­da aw­tou­lag se­na­ga­tyn­da iş alyp bar­ýan kom­pa­ni­ýa­lar hyz­mat­daş­ly­gy­ny has-da ber­kid­ýär­ler. Ýa­po­ni­ýa­nyň dün­ýä bel­li «Nis­san», «Hon­da» we «Mit­su­bis­hi» brend­le­ri hem öz ara­la­ryn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy has-da ber­ki­dip, bir­leş­mek ka­ra­ry­na ge­len­dik­le­ri­ni mä­lim et­di­ler. Kom­pa­ni­ýa­lar gel­jek ýy­lyň iýu­n aýy­na çen­li gep­le­şik­ler ge­çi­rer we şon­dan soň­ra bir kom­pa­ni­ýa öw­rü­ler. Bir­le­şen kom­pa­ni­ýa­la­ryň umu­my kom­pa­ni­ýa­da deň de­re­je­de paý­na­ma­la­ry bo­lar. Kom­pa­ni­ýa­lar bir­le­şen­le­rin­den soň­ra her ýyl­da­ky umu­my ön­dür­ýän aw­tou­lag sa­ny 8 mil­li­on­dan ge­çip, «Toyo­ta»-dan we «Volks­wa­gen»-den soň­ra üçün­ji or­na çy­kar. Dö­re­dil­jek kom­pa­ni­ýa­nyň paý­na­ma­la­ry 2026-njy ýyl­dan baş­lap dün­ýä bir­ža­la­ry­na çy­ka­ry­lar. Hä­zir­ki wagt­da «Toyo­ta» her ýyl­da 11 mil­li­on­dan gow­rak aw­tou­lag ön­dü­rip bu ba­bat­da dün­ýä­de bi­rin­ji or­ny eýe­le­ýär.

Dün­ýä­niň iň dik ta­nap ýo­ly

Şweý­sa­ri­ýa­nyň Bern şä­he­rin­de Alp dag­la­ry­nyň ete­gin­de dün­ýä­niň iň dik as­ma ýo­ly açyl­dy. Ýo­lag­çy­la­ry dag ete­gin­den Şilt­horn be­lent­li­gi­ne çy­kar­ýan as­ma ýol tä­sin in­že­ner­çi­lik des­ga­sy ha­sap­lan­ýar. As­ma ýol­da je­mi üç dü­şel­ge bar. Ozal Şe­hel­berg-Mýur­ren-Birg-Şilt­horn ara­ly­gyn­da­ky sy­ýa­hat 32 mi­nut­da ge­çil­ýän bol­sa, in­di ýo­lag­çy­lar bu ara­ly­gy 18 mi­nut­da ge­çer­ler. As­ma ýol­da her bi­ri 85 orun­lyk ka­bi­na­lar bar. Ýo­lag­çy­lar de­pä­niň çür de­pe­si­ne ýe­ten­le­rin­de 1969-njy ýyl­da dü­şü­ri­len «Jeýms Bond: Onuň Aly­hez­ret­le­ri­niň giz­lin gul­lu­gy» ki­no­sy bi­len meş­hur­lyk ga­za­nan aý­lan­ýan res­to­ra­ny gö­rer­ler. Bern­li bi­na­gär Kon­rad Wolf ta­ra­pyn­dan di­zaýn edi­len, dün­ýä­niň il­kin­ji aý­lan­ýan res­to­ra­ny diý­lip ka­bul edil­ýän bu res­to­ra­nyň myh­man­la­ry otu­ran ýer­le­rin­den daş-tö­we­re­gi 360 de­re­je­de syn­lap bil­ýär­ler. Şeý­le­lik­de, bu as­ma ýol Alp dag­la­ry­nyň te­bi­gy gö­zel­lik­le­ri­ne syn et­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Sag­lyk – baş baý­lyk

Ýur­du­my­zda sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­na uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Hal­ky­my­zyň sag­dyn dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­ny üp­jün ed­ýän ka­da­la­ry or­naş­dyr­mak, şol san­da sport bi­len meş­gul­lan­mak we beý­le­ki ugur­lar bi­len saz­la­şyk­ly ut­gaş­dyr­mak ýa­ly iş­ler ile­ri tu­tul­ýar. «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­syn­da kes­git­le­nen ugur­la­ryň bi­ri hem ila­tyň ara­syn­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni, sport he­re­ket­le­ri­ni ös­dür­mek­dir. Şun­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň ro­waç­lan­ýan­dy­gy­ny, saglyk bo­ýun­ça baş mak­sat­na­ma­nyň saz­la­şyk­ly ut­gaş­ýan­dy­gy bel­lär­lik­li­dir. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ähli ul­gam­lar bi­len bir ha­tar­da, sag­ly­gy go­ra­ýyş­da hem uly ösüş­ler ga­za­nyl­ýar, be­lent üs­tün­lik­le­re ýe­til­ýär. Ta­mam­la­nyp bar­ýan 2024-nji ýyl­da hem bu ul­gam­da örän uly iş­ler durmuşa geçirildi. Dün­ýä ülňülerine do­ly la­ýyk gel­ýän 250 orun­lyk Hal­ka­ra fi­zio­lo­gi­ýa yl­my-kli­ni­ki mer­ke­zi­niň we 400 orun­lyk Hal­ka­ra sa­gal­dyş-di­kel­diş mer­ke­zi­niň gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­niň aýdyň su­but­na­ma­sy­dyr.

Awtomobil sporty täze tapgyra gadam basýar

Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­my­zyň aw­to­mo­bil spor­tu­nyň öňün­de uly müm­kin­çi­lik­ler açyl­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň aý­ra­tyn üns ber­me­gi ne­ti­je­sin­de türk­men aw­tos­por­tu­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy tä­ze­len­ýär hem-de gi­ňel­dil­ýär. Ýaş­la­ryň spor­tuň bu gör­nü­şi bi­len köp­çü­lik­le­ýin meş­gul­lan­ma­gy­ny, sport aw­tou­lag­la­ry­ny sü­rü­ji­le­riň we ola­ryň tä­lim­çi­le­ri­niň us­sat­ly­gy­nyň ýo­kar­lan­ma­gy­ny ga­zan­mak mak­sa­dy bi­len dür­li sport aw­tou­lag­la­ry IIM-niň ga­ra­ma­gyn­da­ky Aw­tos­port mer­ke­zi­niň yg­ty­ýary­na ge­lip go­wuş­ýar. Ýa­kyn­da türkmen halkynyň Mil­li Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly

Türkmenistan-Malaýziýa: hyzmatdaşlygyň täze derejesi

Azi­ýa — Ýu­waş um­man se­bi­ti­niň ýurt­la­ry bi­len dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň alyp bar­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Şun­da Ma­laý­zi­ýa bi­len hyz­mat­daş­ly­ga mö­hüm orun de­giş­li­dir. Türk­me­nis­tan bi­len Ma­laý­zi­ýa­nyň ara­syn­da­ky dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­lar 1992-nji ýy­lyň 17-nji ma­ýyn­da ýo­la go­ýul­dy we hä­zir­ki wagt­da ýo­ka­ry de­re­je­de al­nyp ba­ryl­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­z Ma­laý­zi­ýa il­kin­ji res­mi sa­pa­ry ama­la aşyr­dy. Sa­pa­ryň do­wa­myn­da ne­ti­je­li gep­le­şik­ler ge­çi­ri­lip, on­da iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň şert­na­ma-hu­kuk bin­ýa­dy­ny mun­dan beý­läk-de ber­kit­mä­ge gö­nük­di­ri­len 14 sa­ny döw­le­ta­ra, hö­kü­me­ta­ra, pu­da­ga­ra res­mi­na­ma gol çe­kil­di we ka­bul edil­di.

Paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde döwrebap lukmançylyk toplumy emele geler

Ir bi­len luk­man Ar­ka­da­gy­myz Hal­ka­ra on­ko­lo­gi­ýa yl­my-kli­ni­ki mer­ke­zi­niň bi­na­lar top­lu­my­nyň gu­rul­ýan ýe­ri­ne gel­di. Mil­li Li­de­ri­miz gur­lu­şyk­da ula­nyl­ýan se­riş­de­le­riň gör­nüş­le­ri bi­len tan­şyp, ola­ryň on­ko­lo­gi­ýa yl­my-kli­ni­ki mer­ke­zi­niň gur­lu­şy­gy ba­bat­da bil­di­ril­ýän ta­lap­la­ra do­ly la­ýyk gel­me­li­di­gi­ni, gur­lu­şyk we be­zeg se­riş­de­le­ri­niň uzak möh­let­le­ýin­lik, berk­lik şert­le­ri­ni özün­de jem­le­me­li­di­gi­ni aýt­dy. Soň­ra luk­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ga­ra­ma­gy­na tä­ze top­lu­myň bi­na­la­ry, ola­ryň ýer­leş­jek ýer­le­ri­niň çyz­gy­la­ry, en­jam­laş­dy­ry­lyş aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň gör­nüş­le­ri ba­ra­da­ky şe­kil tas­la­ma­la­ry gör­ke­zil­di. Olar ba­ra­da sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nist­ri M.Mäm­me­dow we se­bit­de iň iri Hal­ka­ra on­ko­lo­gi­ýa yl­my-kli­ni­ki mer­ke­zi­niň gur­lu­şy­gy­nyň al­nyp bar­ly­şy­na jo­gap­kär ýol­baş­çy N.Aman­ne­pe­sow ha­sa­bat ber­di.

Ýurdumyzyň telekeçileri ýyly üstünlikli jemlediler

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň dur­muş-yk­dy­sa­dy öz­gert­me­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­ny ber­kit­mek­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler­de te­le­ke­çi­le­riň my­na­syp pa­ýy bar. Bu gün ýur­du­myz­da bäs­deş­li­ge ukyp­ly te­le­ke­çi­lik iş­jeň­li­gi, te­le­ke­çi­li­gi gu­ra­ma­gyň hem-de hyz­mat­la­ry et­me­giň hä­zir­ki za­man usul­la­ry ke­ma­la gel­di. Te­le­ke­çi­li­giň ös­dü­ril­me­gi, il­kin­ji no­bat­da, ba­zar gat­na­şyk­la­ry­nyň çuň­laş­ma­gy­na, önüm ön­dü­ri­ji­le­riň ara­syn­da­ky bäs­le­şi­giň art­ma­gy­na, ba­zar­da önüm bol­çu­ly­gy­nyň dö­re­dil­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň kuw­wa­ty­ny art­dyr­ýar. Te­le­ke­çi­ler ýur­du­myz­a da­şa­ry döw­let­ler­den ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­ri ön­dü­rip, şol önüm­ler bi­len hal­ky­my­zy el­ýe­terli ba­ha­dan üp­jün ed­ýär­ler. Öz önüm­le­ri­ni da­şa­ry ýurt­la­ryň ba­za­ry­na çy­karyp, ila­ta önüm­le­riň tä­ze gör­nüş­le­ri­ni hö­dür­le­mä­ge ça­lyş­ýar­lar.

Ata Wa­ta­ny­my­zyň at-abraýy belende galýar

«Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!»

Täze ýyl ýagşy arzuwlar bilen garşylanýar

Täze ýyl baýramçylygy ähli ynsanlaryň kalplaryna şatlyk paýlap, uly-uly umytlara, owadan arzuwlara besleýär. Bu ajaýyp baýramçylyk dünýäniň ähli künjeklerinde bellenilýär. Täze ýyl baýramy maşgala baýramçylygy hökmünde hem meşhurdyr. Öz senenamalaryny millileşdirip ulanýan medeniýetleriň köpüsinde Täze ýyl baýramçylygyny bellemek örän möhüm çäreleriň biri bolup durýar. Häzirki döwürde ýurtlaryň köpüsinde Grigoriý senenamasy ulanylýar. Täze ýyl baýramynyň belleniliş senesiniň senenamalara görä üýtgemegi bilen, şol baýramçylygyň belleniliş tertibi, däpleri we özboluşly aýratynlyklary hem üýtgeýär. Meselem, Mikroneziýada hem täze ýyl 1-nji ýanwarda garşy alynýar. Ähli adamlar täze ýyl güni özi üçin täze bir at oýlap tapýar we bu hakda ýakynlarynyň gulagyna pyşyrdap aýdýarlar. Garyndaşlarynyň bir bölegi bolsa şol wagt bar güýji bilen deprek çalýarlar. Käbir ýurtlarda adamlar Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanynda iň gowy arzuwlaryny kagyza ýazýarlar. Sagat 00:00-da jaň kakylanda kagyz ýakylýar. Jaň kakylyp gutarýança kagyz ýanyp gutarsa arzuwynyň hasyl boljakdygyna ynanýarlar. Täze ýyl agşamynda bir bölek süýjülik torty Tibetden geçip barýanlara paýlanýar. Täze ýylyň bereketli gelmegi paýlanan süýjülik tortunyň sany bilen baglanyşykly.