Ýakynda Gyzylarbat etrap häkimliginiň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda Medeniýet öýünde Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa edara-kärhanalarda zähmet çekýän hünärmenler, talyp ýaşlar gatnaşdy.
Duşuşykda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyza bu ajaýyp eseri üçin köp sagbolsun aýtdylar hem-de galamynyň ýiti bolmagyny arzuw etdiler.